parahatçylyk söýüjilik SYÝASATYMYZ — BAGTYMYZYŇ BINÝADY

03-06-23

Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk eýýamy türkmenistanlylar üçin ählitaraplaýyn gülläp ösüşiň döwrüne öwrülip, ol bagtyýar halkymyzy täze ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiziň asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini wagyz edýän türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini aýawly saklamakda görnükli ornunyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek.

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty esasynda Türkmenistany ýaşamak üçin iň gowy, has abadan hem-de özüne çekiji mekana öwürmek babatda giň gerimli meýilnamalar, ägirt uly taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň baha bermegine görä, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gündogar Ýewropa hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitinde ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt boldy. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu meseläni guramanyň işiniň ýörite ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdi. 2018 — 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bu möhüm wezipäniň binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşyl ösüşiň strategiýasyny» ýurdumyzy durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şol ösüş öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplerimize esaslanýar.

Ösüşiň ekologiýa konsepsiýasy adamlaryň durmuşyny ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ösdürmegi, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagy hem-de döwletimizi ösdürmegi ugur edinýär. Ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi köp ýurtlar üçin, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen ýurtlar üçin nusga bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýik başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmekde şanly toýa barýan nurana ýolda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Parahat ITALMAZOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.