Saglyk - uly gymmatlyk
25-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durnukly, sazlaşykly ösüşi gazanmagyň, raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň örän möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakdaky aladanyň beýanydyr.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimizde her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly dabara beslenip, giňden bellenilýär. Bu ýyl hem şanly senäniň öňüsyrasynda Mejlisiň karary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy buýsançly waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekmegi bolsa halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Saglyk - bu her bir adamynyň, maşgalanyň, jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Sagdyn iýmitlenmek - beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar - fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler.
Adam bedeni hemişe hereketde bolmalydyr. “Saglygyň sakasy hereketdedir” diýilmegi tötänden däldir. Günüň dowamynda 5 sagatlap oturýan adamlaryň bedende gan aýlanyşygy peselýär. Fiziki türgenleşik madda çalşygyny, beden gan aýlanyşygyny gowulandyrmak bilen holesteriniň mukdarynyň azalmagyna getirýär. Uly adamlar günüň dowamynda azyndan 10 müň ädim ýöremelidir. Şeýle-de hepdede 5 sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen 1 sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr. Günüň dowamynda 30-45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar.
Adamyň hökmany suratda hünärine laýyklykda günde, hepdede we ýylda dynç almagy zerurdyr. Mysal üçin, agyr fiziki zähmetden soň dynç almak, ukyňy almak, gyzykly kitap okamak. Eger-de işiňizde akyl zähmeti bilen meşgullanyp, köp oturýan bolsaňyz sport merkezlerine gatnamak, arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär. Biziň ýurdumyzda sportuň hemme görnüşleri bilen işjeň meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şäherlerde we obalarda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlary hereket edýär. Ýurdumyzda şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, olaryň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljekde şypahana ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ähli şertler döredilýär.
Jemgiýetçilik saglygy goraýyş we ilkinji kömek maksatnamasynyň çäginde ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini öwretmek we ýol hereket howpsyz;lygy boýunça okuwlary geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsyzlygy boýunça alnyp barylýan işler adamyň janyny we ömrüni goramaklygy gönükdürlendir.Bu işler esasan hem mekdeplerde we çagalar bagynda alyp barylýar.
Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär.Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.
Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. ,,Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartlaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş – anyklanyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen, kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory.
Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak möhüm bolup durýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylan belent üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ahmet KURAMBAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.