KÄMIL BILIM — ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

17-04-25

Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösýär we özgerýär. Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgama geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda ylym-bilime aýratyn jogapkärçilik ýüklenilýär. Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin hem ruhubelent ýaşlarymyz ýurdumyzy gülläp ösdürmäge, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar, milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär. Döwrebap ösüşiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ugurlaryň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýaş hünärmenleriň kemala getirilmegi berk binýat bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda orta hünär hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam edýär.

Türkmen ýaşlary hemişe watansöýüjilik ýörelgelerine eýermelidir. Çünki olar merdana türkmen halkynyň bagtyýar nesilleridir. Ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik ýoluny halkymyzyň çüwen ykbalyna öwürjek ýaşlar gülleýän Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly şu güni, aýdyň ertiri gurujylarrdyr. Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlarymyzyň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

Şeýle işleriň alnyp barylmagynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nodira ÝAGŞYMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.