Daşoguz welaýatynda 10-dan gowrak ýerde Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy
16-10-21
Daşoguz welaýatynyň ilatly, jemgyýetçilik ýerlerinde “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan 13 nokatda TM Wi-Fi çäksiz simsiz interneti gurnalandyr. Welaýatda Wi-Fi ulgamynyň işleýän ýerleriniň interaktiw kartasy kompaniýanyň resmi saýtynda köpçülige ýetirilýär.
Internete birikmek üçin mümkin bolan torlaryň sanawyndan Telekom Wi-Fi toruny saýlamaly. Şondan soň Wi-Fi aragatnaşygynyň sahypasy açylýar. Täze ulanyjylar bolsa ilkinji nobatda hasaba alynmalydyr.
Çäksiz internetiň ýygylygy bir enjamda 3 mbit/sekunda barabardyr.
Köpçülikleýin peýdalanylýan TM Wi-Fi çäksiz internetiniň nyrhnamalary (“Türkmentelekom” EAK-nyň resmi saýtyndaky maglumatlar esasynda)
- 1 sagadyna — 5 manat;
- 3 sagadyna — 10 manat;
- 1 gününe — 15 manat;
- 7 gün üçin — 50 manat;
- 1 aý üçin — 150 manat.
Daşoguz welaýatynyň şäheriçi TM Wi-Fi ulgamynyň nokatlarynyň salgylary:
- “Daşoguz” şypahanasy (Gurbansoltan eje adyndaky etraby)
- Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Türkmenbaşy köçesi, 6-njy jaý)
- S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Aragatnaşyk köçesi, jaý 2)
- Köneürgenç etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Nyýazow köçesi, 21-nji jaý)
- Gubadag etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Özbegistan köçesi, 30-njy jaý)
- Boldumsaz etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Ýegendurdyýew köçesi, 15-nji jaý)
- Görogly etrabynyň aragatnaşyk bölümi (A.Nyýazow köçesi, 25-nji jaý)
- Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Hasylçy köçesi, 6-njy jaý)
- Akdepe etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Parahat köçesi, 15-nji jaý)
- Daşoguz şäheriniň aragatnaşyk bölümi (Türkmenbaşy köçesi, 44-nji jaý)
- Daşoguz şäheriniň “Daýhan” merkezi bazary
- Daşoguz şäheriniň “Arzuw” kafesi
- Daşoguz welaýatynyň merkezi wokzaly
https://turkmenportal.com/tm/blog/40492/dashoguz-welayatynda-10dan-gowrak-yerde-wifi-ulgamy-ornashdyryldy
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.