Saglygym - baýlygym
25-12-25
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
«Saglygym — baýlygym» diýen ata-babalarymyz nakyllardyr atalar sözlerine hem saglygyň gözbaşy hökmünde garapdyrlar. Saglyk bolan ýerde baýlyk boljakdygyna, ähli baýlyklaryň saglyk bilen gazanylýandygyna dogry düşünipdirler. Bu düşünje nakyllardyr atalar sözlerinde hem öz şöhlelenmesini tapypdyr. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan nakyllar hem ünsüňi özüne çekýär.
Elbetde, nakyllardyr atalar sözleri özleriniň köp nusgalylygy bilen hem tapawutlanýar. Bu ýagdaý kitapda ýerleşdirilen «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllaryň üsti bilen hem tassyk bolýar.
Saglyk — adamzadyň iň gymmatly baýlygy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy —
diýip, munuň şeýledigini anyk kesgitläpdir.
Saglygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny halkymyzyň arasynda gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz hem doly tassyklaýar. Birek-birek bilen hal-ahwal soraşylanda aýdylýan «Sag-aman ördüňizmi?», «Sag-aman oturanmysyňyz?», «Öý-içeri saglykmy?» ýaly hoşniýetli sözler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Adam birek-birek bilen hoşlaşanda hem biri-birine «Sag bol!» diýmek bilen, birek-birege iň uly baýlygy — saglygy arzuw edýär. Ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlaryndan ugur alyp arassaçylyk düzgünlerini berjaý etsek, onda saglygymyzy gorarys.
Türkmenistan döwletimizde, asylly däbe görä, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni, 10-njy oktýabrynda bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Şanly seneler mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de täze desgalaryň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan ata Watanymyzda adam, onuň saglygy hakyndaky aladanyň yzygiderli, ählitaraplaýyn häsiýete eýedigini tassyklady. Çünki saglyk iň gymmatly baýlyk bolmak bilen, bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleri amala aşyryýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.