Sagdyn durmuş ýörelgeleri

25-12-25

Durmuşyň eşretini duýmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, ilki bilen, jan saglygynyň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Diňe sagdyn adam dünýäniň ynsana eçilýän ajaýyplyklaryny doly derejede görüp, eşidip, duýup ýaşap bilýär. Ynsan balasy haçanda başy agyryp, baldyry syzlanda, bu baýlygyň gymmatyna has oňat düşünýär.

Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär.

Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyrAdamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, ýurduň esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin ol hemmetaraplaýyn goralmaga degişlidir. Ine, şu ugurda bizde ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde üns berilýär Türkmen topragy — gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhemli mekanlara baý ülke. Ýurdumyz tebigy mineral we şypa beriji palçyk çeşmeleriniň toplumyna, bag zolaklary bolan sagaldyş, keselleriň öňüni alyş ugurly edaralara, ygtyýarlandyrylan şypahana hyzmatlarynyň toplumyna eýedir. Türkmenistanda şypahana işiniň taryhy öz gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýar.

Güýz paslynyň gelmegi bilen adam bedeninde ýiti respirator keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidirler. Ýygy-ýygydan elleriňizi sabynlap ýuwmaly, howpsuz aralygy saklamaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly. 

Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar. Eger kimdir biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen bejergini kabul etmeli.

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdaly tagamdyr. Naharyň gapdalyndan sogandyr sarymsak iýmegi endik edinmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

Pasla görä ünsli geýinmeli we bu babatda çagalara-da gözegçilik etmeli. Her gün otaglary ýelejiretmeli, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.

Ýiti respirator keseliň alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutman, özbaşdak bejergi kabul etmek nädogrudyr. Maşgala ýa-da beýleki lukmanyň barlagyndan geçmän, kesel kesgitlemesini takyk anyklatman, derman serişdelerini özbaşdak peýdalanmak bolmaýar.

Derman serişdeleri, hususan-da, antibakterial serişdeleri ulanmakda, hökman kesel döredijiniň olara bolan duýgurlygyny anyklatmak zerurdyr. Elbetde, bu barlaglar ýurdumyzda hereket edýän ýörite barlaghanalarda geçirilýär. Onuň üçin siz hökman öz maşgala lukmanyňyza ýa-da degişli hünärmenlere ýüz tutup, diňe şolaryň bellän derman serişdelerini ulanmalysyňyz. Derman serişdelerini bilip-bilmezden, özbaşdak peýdalanmak adam bedenine düýpli zyýan ýetirip biler. Munuň özi bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldýär.

Antibakterial derman serişdeleri içegedäki kadaly mikrobedenjikleriň, ýagny iýmit siňdiriş hadysasyna gatnaşýan we immun ulgamyny berkidýän kadaly mikroflorany dargadyp, düýpli zeper ýetirýär. Şoňa görä-de, diňe lukman tarapyndan bellenen derman serişdelerini talabalaýyk kabul ediň, öz saglygyňyza paýhasly çemeleşmegi talap edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok. Halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamak üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Ogulgerek TÄJIBAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.