AŞGABAT — GELJEGIŇ ŞÄHERI
19-05-25
Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygyny emele getirýän Aşgabat myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülüňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýran edýär.
Ak şäherimiziň gözellik dünýäsi, milli öwüşginli ak mermer lybasy lowurdap duran türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Günsaýyn özgerýän baş şäherimiziň dünýä nusgalyk keşbini ähli amatlyklary, her biriniň özboluşly gözelligi bolan ýaşaýyş jaýlary, ýaşlara bilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, halkara ülňülerde gurulýan giň we häzirki zaman şaýollary, ak mermerli binalar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary, medeni maksatly binalar, lukmançylyk merkezleri we suw çüwdürimleri, täze ekilen müňlerçe düýp baglary we ajaýyp gülleri bilen göwünleri galkyndyrýan seýilgähler, ýaşyl bossanlyklar muňa aýdyň mysaldyr.
Bu gün paýtagtymyz halkara derejeli duşuşyklaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýyl dürli ugurlar boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatlara, forumlara, sergilere dünýä döwletleriniň onlarçasynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deň hukuklylyga daýanýar. Paýtagtymyzyň halkara syýasy işjeňlik derejesi biziň dost-doganlyk, parahatçylyk, asudalyk ýörelgämize şaýat bolýar. Dünýä ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýan ak mermerli Aşgabadyň beýik binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadan durmuşyny, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Dürli öwüşginli gülzarlyklar paýtagtymyzyň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhman söýerligini beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem ençeme döwrebap binalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolýarlar. Täze gurlan «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary, Halk Maslahatynyň Diwany, Kabul ediş merkezi, «Arkadag» myhmanhanasy, «Laçyn» seýilgähi, Söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumy — bularyň ählisini bir ýere jemläp, göz öňüne getirsek, ol tutuş bir täsin şäherçäni emele getirer. Türkmen döwleti bu gün şäherleri gurýar, bagtyýar durmuşy berkarar edýär. Şeýle hem, ähli şertler döredilen bu döwrebap desgalarda bagtyýar türkmenistanlylaryň ýüzlerçesiniň joşgunly zähmet çekýändigini, ýaşaýandygyny göz öňüne getireniňde hormatly Arkadagymyzyň beýik işlerine bolan buýsanjyň goşalanýar.
Goý, paýtagtymyz Aşgabat hemişe gözelligiň, ýagty umytlaryň, ýagty maksatlaryň nusgasy bolsun! Ýurdumyzy belent özgertmeleri we döwletli tutumlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan hem-de Gündogaryň merjen şäheriniň binagärlik-gurluşyk keşbiniň has-da gözelleşmeginde yzygyderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.