BAGTYÝARLYK DÖWRI - ÖSÜŞLERIŇ ZAMANASY

08-05-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda önümçilikli işler alnyp barlyp, täze maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hal­ky­my­zyň­ dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi­ne,­ bag­ty­ýar­ dur­muş­da­ ýa­şama­gy­na ­gö­nük­di­ri­len ­be­lent ­mak­sat­lar amal­ edil­ýär.­ Çün­ki­ Ga­raş­syz­ Di­ýary­myz­da ­ra­ýat­la­ryň ­dur­muş­ aba­dan­çy­ly­gy,­hu­kuklaryň­ we­ bäh­bit­le­riň­ go­ral­ma­gy­ esa­sy­ ugur­ bo­lup dur­ýar. ­Şun­da ­yn­san­ ha­kyn­da­ edil­ýän­ ala­da­lar,­ ýa­şa­ýyş­ jaý­la­ry­nyň ­gur­lup ­be­ril­me­gi,­ýaş­la­ryň ­bi­lim al­mak­la­ry ­üçin ­dö­re­dil­ýän ­müm­kin­çi­lik­ler ­aý­ra­tyn bel­len­mä­ge ­my­na­syp­dyr.­ Bu ­müm­kin­çi­lik­le­riň ­ne­tije­sin­de ­adam­la­ryň ­iş­ bi­len ­üp­jün­ edil­ýän­di­gi,­ dö­redi­ji­lik­li ­zäh­met­ çek­ýän­dik­le­ri,­ bag­ty­ýar ­dur­mu­şyň­ hö­ziri­ni­ gör­ýän­dik­le­ri­ bel­le­nil­me­li­dir.­ Bu­ aý­dyň­ ne­ti­je­ler durmuş­ yk­dy­sa­dy ­ösü­şi­niň­ esa­sy ­ugur­la­ry bo­lup ­dur­ýar.­

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­iň ta­gal­la­sy­ bi­len gur­lup­ ula­nyl­ma­ga­ be­ril­ýän­ kuw­wat­ly­ des­ga­lar yk­dy­sa­dy­ ösüş­le­ri­mi­ziň­ ýo­ka­ry­dy­gy­nyň­ ke­pi­li bo­lup ­dur­ýar.­ Hä­zir­ki wagtda ­bu ­des­ga­lar­da ­öndü­ril­ýän ­önüm­ler ­hem ­ýo­ka­ry­ hil­li­li­gi ­bi­len­ ta­pawut­lanýar. Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ mäh­ri­ban­ Wa­ta­ny­myzyň­ bin­ýat­la­ýyn­ esas­la­ry­ny­ mun­dan­ beý­läk­ hem pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy,­onuň­ hal­ka­ra ­ab­ra­ýy­ny ­ýo­karlan­dyr­magy, ­şeý­le­ hem­ eks­port ­kuw­wa­ty­ny­ düýpli­ art­dyr­ma­gy­ esa­sy­ ugur­la­ryň­ ha­ta­ryn­da­ goýýar.­ Şun­da­ ýur­du­myz­da­ ön­dü­ril­ýän­ önüm­le­riň­ hi­li­niň­ ýo­ka­ry ­bol­ma­gy, ­köp­ is­leg­den ­peý­da­lan­ma­gy­ esa­sy­ şert­ bo­lup­ dur­ýar.­ Bu ­mak­sat­la­ry­ ýe­ri­ne­ ýe­tir­mek­ üçin ­bol­sa, ­hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz­ giň­ müm­kin­çilik­le­ri­ we ­şert­le­ri ­dö­re­dip­ ber­ýär. Şo­nuň­ üçin ­hem hä­zir­ki ­wagt­da ­ýurt­da­ ön­dü­ril­ýän ­önüm­ler­ da­şa­ry ba­za­ra­ eks­port­ edi­lip,­ ýo­ka­ry­ is­leg­den­ peý­da­lan­ýar­lar.­­ Sö­züň ­do­ly­ ma­nysyn­da­ Arkadagly Serdarymyzyň baş­tutan­ly­gyn­da ­ýur­du­myz­ ösen­ önüm­çi­lik ­kuw­wa­ty­na eýe­ boldy.­ Ýur­du­my­zyň­ ägirt­ uly­ we­ iň­ ösen­ zawod­la­ryn­da­ ön­dü­ril­ýän­ önüm­ler­ bu­ aýdy­lan­la­ry do­ly ­tas­syk­la­ýar.­

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paý­ha­syn­dan­ nurlan­ýan­ be­lent­ mak­sat­lar­ ýur­du­my­zy­ has-­da­ be­ýik­ ösüş­le­re­ eýe­ ed­ýär.­ Döw­let­ Baş­tu­ta­ny­myz ýur­dumy­zy­ se­na­gat­ taý­dan­ ös­dür­mek,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mize­ ma­ýa­ go­ýum­la­ry­ny­ giň­den­ çek­mek,­ ony­ döwre­bap­ ýag­da­ýa­ ge­tir­mek­ we­ elekt­ron­ se­na­ga­ty­ny­ ös­dür­mek ­bo­ýun­ça ­be­ýik­ iş­le­ri ­ýo­la­ goý­dy. Şo­nuň­ ne­ti­je­sin­de­ hem­ ýur­du­my­zyň­ eks­port­ müm­kin­çili­gi­ ýo­kar­lan­dy­ry­lyp,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­ bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ de­re­jä­ ýet­ýär.­

Ber­ka­rar­ Di­ýa­ry­my­zyň­ ösü­şi­niň­ hä­zir­ki ­dö­wür­dä­ki­ bat­ly­ ga­dam­la­ry,­ halk ­hoja­ly­gy­nyň­ äh­li­ ul­gam­la­ry­nyň­ saz­la­şyk­ly­ ösüş­le­ri saý­la­nyp­ al­nan­ ug­ruň­ ösüş­li­ ýol­du­gy­ny­ gör­kez­di.­ Şun­da­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti­niň­ ýur­du­my­zy­ 2019 - 2025-nji­ ýyl­lar­da­ dur­muş­ yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ ös­dür­me­giň­ Mak­sat­na­ma­sy­nyň»­ üs­tün­lik­li­ ber­jaý­ edil­me­gi­ tä­ze­ ösüş­le­re­ ýet­mä­ge­ müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.­

Yk­dy­sa­dy­ ösüş­li ­şeý­le ­kuw­wat­ly ­döw­let­de­ ilkin­ji ­no­bat­da,­ adam ­ha­kyn­da­ ala­da­ edil­ýär,­ geljek­ki­ ne­sil­le­re­ ni­ýet­le­nen­ be­ýik­ iş­le­r­ dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ­pa­ra­sat­ly ­bel­leý­şi ­ýaly,­ gel­jek­ ne­sil­le­ri­mi­ziň­ bag­ty­ýar­ dur­mu­şy­ üçin ama­la­ aşy­ry­lan ­be­ýik­ iş­ler­dir.­ Hä­zir­ki ­bag­ty­ýarlyk ­döw­rü­miz­de­ döw­re­bap ýa­şa­ýyş ­jaý­lar ­ýur­dumy­zyň­ äh­li­ ýe­rin­de­ ulan­ma­ga­ be­ril­di.­ Ol­ jaý­lar­ öz­le­ri­niň ­amat­ly­ly­gy,­ äh­li ­şert­le­ri ­bi­len­ ta­pa­wutlan­ýar.­ El­bet­de,­ şeý­le­ amat­ly­ ýaşaýyş jaý­la­ry­ny gur­mak­ we­ hal­kyň­ eş­ret­li­ dur­mu­şy­na­ gö­nük­dirmek ­ýurduň ­ykdy­sa­dy­ taý­dan ­örän­ kuw­wat­ly­lygynyň ­ala­ma­ty­dyr.

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz:­ «Wa­ta­ny­my­zyň­ ykdy­sa­dy­ kuw­wa­ty­ny­ art­dyr­mak­ we­ hal­ky­my­zyň­ hal ­ýag­da­ýy­ny­ has­-da­ go­wu­lan­dyr­mak­ bi­ziň­ baş­ mak­sa­dy­myz ­bo­lup dur­ýar»­ di­ýip ­bel­le­ýär. ­Şo­nuň­ üçin ­hem, hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­ta­gal­la­sy ­bi­len­ ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ­giň ­möç­ber­li­ öz­gert­me­le­riň ­ne­tije­sin­de­ ýur­du­my­zyň­ sy­ýa­sy,­mede­ni ­we ­dur­muş­ ulgam­la­ryn­da ­uly­ üs­tün­lik­ler ­ga­za­nyl­dy.­Şu­ dö­wür­de yk­dy­sa­dyýe­ti­mi­ziň ­äh­li ­pu­dak­la­ry ­saz­la­şyk­ly ­ösüş­ ýo­lu­na ­dü­şüp,­tä­ze ­önüm­çi­lik­ kuw­watlyk­la­ry ­emele­ gel­di.­ Bu­ bol­sa­ ýur­du­my­zyň­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň­ ös­me­gi­ne,­ hal­kymy­zyň­ ýa­şa­ýyş ­dur­muş­ de­re­je­siniň­ has­-da­ ýo­kar­lan­ma­gy­na­ oňat­ ýar­dam­ ber­ýär. Mu­nuň ­özi ­nu­ra­na ­gel­je­gi­mi­ziň­ has-­da ­ösüş­li ­bolma­gy­ny,­ ne­sil­le­ri­mi­ziň­ bag­ty­ýar­ly­gy­ny­ üp­jün­ ed­ýär.­

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döw­let­ we ­dün­ýä­ äh­mi­ýet­li ­be­ýik ­iş­le­riniň ­hal­ka­ra ­jem­gy­ýet­çi­li­gi ­ta­ra­pyn­dan ­giň ­gol­da­wa ­eýe ­bol­ýan­dy­gy­ bag­ty­ýar­ hal­ky­my­zy­ has-­da guwandyr­ýar. ­Ga­raş­syz,­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ döw­le­ti­mi­ziň­ yk­dy­sa­dy­ ösüşlerini­ has-­da belentliklere ­alyp ­barýan­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.