Berkarar döwletimiziň beýik özgertmeleri
14-05-25
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Watanymyzyň uzak we eşretli geljegini nazarlaýan hormatly Prezidentimiz ylmy gymmatly hazyna deňän ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Ylymsyz bir ýaşar, ylymly - müň”, ylmy ösdürmek boýunça başlan işlerimiziň geljegimiziň berk binýadydygyny, döwletimiziň gülläp ösmeginiň kepilidigini belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly işleriň aýdyň mysaly hökmünde ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim almagy üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepleriň her ýyl gurlup, ulanmaga berilýändigini görkezmek bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda, oba hojalygynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler öz aýdyň netijesini berýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki alnyp barylýan işler Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da ilerledi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde orta mekdepleriň ilki on ýyllyk, soňra bolsa on iki ýyllyga geçirmek ugrunda alnyp barlan işleriň ählisi hem aýdanlarymyza aýdyň şaýat bolup durýar.
Islendik ýurtda ylym-bilimiň ösdürilmegi şol ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginden habar berýär. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini görkezýän medeniýet, sungat, döredijilik ulgamy bilen birlikde ylym-bilim ulgamy hem esasy delilleriň biri bolup durýar.
Umuman, ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, şeýle-de halkara bilim giňişligine içgin aralaşmak gazanylýar.Munuň esasynda sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Internet ulgamy bilim babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary peýdalanylýar.
Döwrebap bilim we terbiýe alýan ýaşlarymyzyň aýdyň ýoly bagtyýar geljege uzaýar. Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ak ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys!
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Şanur ALLANUROW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.