Sanly ulgam – ösüşleriň aýdyň ýoly
12-06-23
Ýurdumyzda sanly ulgama geçmekde aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde iň kämil, iň täze üpjünçiligi bolan we halkyň gündelik durmuşyna uly ýeňillikleri döredýän ulgam hökmünde geljege tarap batly gadamlary ädýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bu ulgamyň dürli pudaklaryny ösdürmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýanyň täze gazananlary bilen üpjün etmek döwrebap amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýy bilen deň derejede alnyp barylýar. Çünki häzirki wagtda aragatnaşygyň durmuşymyzyň umumy çäginde esasy peýdalanylýan ulgamdygy ählimize mälim ýagdaý.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ygtyýarly edara hökmünde bellenilmegi hem bu ulgamyň sanlylaşdyrmak işinde möhüm orna eýe bolup durýandygyny görkezýär.
Berkarar Watanymyzyň aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini döwür, adamlar, hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ulgamyň işi häzir bar bolan mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde sanly ulgama geçmek ädimleri batly depginde dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlardan peýdalanmagyny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirmek bolar.
Umuman aýdanymyzda, aragatnaşygyň häzirki döwürde iň bir köp ulanyjyly, jemgyýet tarapyndan köp isleg bildirilýän ulgamdygy belli ýagdaý. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwür bilen aýakdaş ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär, halkymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan elýeter peýdalanmagyna giň şertleri döredýär.
Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Pena ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.