KÄMIL ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ KUWWATY
12-06-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň syýasy-medeni çärelere has işjeň gatnaşmaklary, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek ugrunda oňaýly şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar.Bu resminama Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegini, öz saýlap alan ugurlarynda dünýä tejribesini özleşdirmeklerini hem-de işine döredijilikli çemeleşmeklerini, okuwda, işde, sportda, ylym we hünär öwrenmekde ýokary netijeler gazanmaklaryny üpjün edýär. Olaryň durmuş üpjünçiliginiň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ylmy hem-de döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan uly ynamy döredýär. Çünki ýaşlar — nurana geljegimizi gurujylardyr, olaryň kämilligi Watanymyzyň kuwwatydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtaýar.
Ýaşlar syýasatynda göz öňünde tutulýan wezipeler diňe ylym-bilim bilen çäklenmeýär, eýsem ol ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi hem maksat edinýär. Milli Liderimiz sagdyn jemgyýeti gurmagyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýdýar. Şonuň üçin jemgyýetiň wezipesi adamlarda çagalykdan başlap sport bilen meşgullanmak endigini döretmek, netijede bolsa saglygy, ruhubelentligi, erk-islegi berkitmek örän möhüm bolup durýar. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli döwlet syýasatynyň “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly ýörelgäni amala aşyrmakdaky giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.
Sport, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak Arkadagly Serdarymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ýaşlar halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmeli ýaşlardyr. Olar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän kämil we adyl maksatlaryndan ugur alyp, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenýärler. Bu merdanalyk mekdebi şu günüň we geljegiň mizemejek binýadyny döredýär. Bu binýat bagtyýar durmuşyň, röwşen geljegiň binýadydyr.
Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär, bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Ýaşlaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Eziz ÝAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.