OKATMAGYŇ INNOWASION USULLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK

08-05-25

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha rowaçlanýar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşup biljek,çuňňur bilimli, giň dünýä garaýyşly öňde baryjy tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda köp basgançakly milli we dünýä tejribesini sazlaşykly durmuşa ornaşdyrýan innowasion esasly bilim ulgamy kemala getirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym‐bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilimi elýeterli etmekden ybaratdyr. Okatmagyň innowasion usullaryny kämilleşdirmek, ýaşlara ylym‐bilim öwretmek, ata‐babalarymyzyň bu ugurda ýeten derejesini geljekki nesillere döredijilikli geçirmek diýmekdir.

Ylmyň‐tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak ýokary netije berýär.

Mugallym okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp,geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli dälde, talyplary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga gönükdirmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär.

Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan ugry boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda birnäçe taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.