SANLY ULGAMA GEÇMEGIŇ KONSEPSIÝASY
19-10-21
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, täze iş orunlaryň döredilmegine gönükdirilen işleriň arasynda döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti döretmek bilen baglanyşykly tagallalaryna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, maliýe ulgamynyň we döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlarynyň ygtybarlygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglaryny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyndan ugur alynýan bu Konsepsiýa ýedi bapdan ybaratdyr. Onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
Mährijemal AKMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.