GÄMI GURLUŞYGYNDA TÄZE ÄDIM

19-10-21

Milli Liderimiz ösen ulaglar düzümini, şol sanda döwrebap söwda flotuny döretmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görýär. Döwlet Baştutanymyzyň häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny gurduryp, ulanmaga bermegi we bu pudagyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam bermegi ulgamyň has-da belent sepgitlere ýetmegine itergi berdi.

Bu ugurda “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gury ýük daşaýjy gämini gurmak boýunça alnyp barylýan işler bellenmäge mynasypdyr. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişine görä, ýurdumyzda halkara ýük daşamalaryna işjeň gatnaşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 5300 - 8100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmak göz öňünde tutulýar. Gämi gurlanda, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmegine mümkinçilik dörediler.

Zawodyň döwrebap tehnologik ulgamy häzirki zaman tehnologiýalarynyň hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ulanylmagy bilen, deňiz gämilerine hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça işleri geçirmäge doly mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň deňiz-derýa ulaglary pudagyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysady­ýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar.

Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, eziz Diýarymyzyň mundan beýlägem gülläp ösmeginde, ulaglar düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn! Şeýle belent sepgitleriň başynda durup, uly amatlyklary döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Hudaýnazar HAÝYTMURADOW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap Geňeşiniň başlygy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.