Sanly ykdysadyýete ynamly badalga

22-12-24

Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň  şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hut şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

Häzirki taryhy döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli amal edilýär. Munuň özi döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde iňňän möhümdir. Sanly ykdysadyýetde sanly marketing, sanly bilim, sanly bank hyzmatlary, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk, sanly saglygy goraýyş ýaly adalgalar hereket edýär.

Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler merdana halkymyzyň syýasy-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanýandygyna güwä geçýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýokary netijeleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu babatda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda kabul edilen konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi giň we täze mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer. Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sögbet GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.