SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
26-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işlere badalga berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgertmekde, ýaş nesillere ýokary derejede bilim bermekde, şol sanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly wajyp wezipeleri öňe sürmegi, bu öňdebaryjy ugruň ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlar ulgamynyň işini hem şu günüň ösen talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Hut şu talaplardan ugur alyp, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanmak, bilim ulgamynyň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek döwrüň talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak maksady bilen, bilim edaralarynyň okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün edilişi, olarda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli amal etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýerleşýän bilim edaralaryň hemmesinde sanly bilim ulgamynda bilim bermeklik üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Okuw jaýlarynda multimediýa tagtasynda ders geçilmekligi bolsa, türkmen ýaşlaryna sanly bilim ulgamynda bilim bermekligiň iň esasy usullarynyň biridir. Bu usul bilim edaralary üçin diýseň ähmiýetlidir.
Sanly bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny maglumatlar torunyň üsti bilen baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Konsepsiýa laýyklykda, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo audio, multimedia programmalary, täze-täze okuw esbaplary, maglumat kitapçalary, adal galaryň sözlükleri, aýry-aýry sapaklaryň nusgawy berlişini beýan edýän wideomateriallar döredilýär we kitaphana portalynda ýerleşdirilýär. Elektron okuwlaryň, uzak aralykdan okatmagyň täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen,bilimiň dolandyrylyşy kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.
Dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda orta hünär hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.
Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam edýär.
Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuş synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi. Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir.
Bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jennet ILAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiỳa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.