Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
01-12-25
Goşa mukaddesligi — Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ýürek buýsanjyna öwren halkymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň şeýle yglan edilmeginde uly many bar. Çünki halkara gatnaşyklaryň garaşsyz subýekti hökmünde Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmegiň nukdaýnazaryndan, Bitaraplyk ýagdaýynyň strategik ähmiýeti diýseň uludyr.
Türkmen halky goňşy döwletler bilen dost-doganlyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şu işleri türkmen döwleti dünýä döwletleridir halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasynyň, ýurdumyzda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekilhanasynyň döredilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we işjeň amala aşyrmaga amatly şertleri döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň eýe eden we halkymyzyň eşretli hözirini görüp ýaşaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylýan döwrüdir. Gazanylýan netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýagdaýynyň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolandygy aýratyn belläkliklidir. Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň sarsmaz binýadynyň berk sütünleriniň biridir we ol gözbaşyny nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz hemişe goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, parahat, özara düşünişmek ýagdaýynda ýaşapdyr. Şeýlelikde, hemişe parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip gelen türkmen halkynyň parahatçylyk ymaratynyň berk we gaýym binýady tutulypdyr. Çünki Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr».
Hawa, günleri günlerden, ýyllary ýyllardan zyýada gelýän halkymyzyň ýüreginde Bitaraplyk mukamy belentden ýaňlanýar. Çünki Bitaraplyk — parahatçylyk mukamydyr. Dünýä ýaň salýan bu ajaýyp mukam bereketli türkmen topragynda has-da belentden ýaňlanar.
Bu günki gün eziz Watanymyzda asylly ýörelgeler dowamata beslenip, ata-babalarymyzyň paýhasly pentlerine eýermek bilen, bütin adamzadyň abadan ýaşaýşy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Goý, bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkäp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!
Aýnabat ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.