HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞLI ÝOLLARY

20-10-21

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Munuň netijesinde, goňşy döwletler bilen medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary bilen Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklardaky işjeňliginiň ähmiýetlidigi aýdyň ýüze çykýar. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň halkara hukugynyň nukdaýnazaryndan hem, durmuş-ykdysady nukdaýnazardan hem dünýäniň ösüş meýillerine kybap gelýändigi aýratyn bellenmäge mynasyp.

Ýurdumyz halkara guramalaryň tejribesine esaslanyp, ulag ulgamynda sebit we yklymara ähmiýetli birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen özüniň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini tassyklaýar. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ygtybarly gatnaşygyň döremegine gönükdirilen Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar ulag-üstaşyr geçelgeleri ýükleriň daşalmagynyň örän oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli ugruny üpjün etmäge niýetlenendir. Transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde geçirilýän giň möçberli işler geljekki ösüşlere ynam döredýär.

Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşmegi, ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösmegi, täze innowasion tehnologiýalaryň ulag ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylmagy ulag kanunçylygynyň halkara ulag hukuk kadalary bilen sazlaşmagynda, utgaşmagynda, umumylykda ulag hukuk kadalarynyň ösmeginde öz netijeliligini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary boýunça Türkmenistan geljekki göz öňünde tutýan ykdysady ösüşinde dünýä ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyk edip, dünýä çykmak, ähli halklar bilen açyk, aýdyň gatnaşyk etmegiň aýdyň ýoluny kesgitleýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýan esasynda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Mekan ÇARYÝEW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.