Internet ummany türkmen dili bilen baýlaşdyrylýar

20-10-21

Internet ulgamy Bütindünýä tehniki infrastrukturasynyň maglumatlaryny saklaýan we arabaglanyşyk gurnamak üçin  halkara birleşdiriji tor hökmünde ýaşaýyş-durmuş ugurlaryna berk we üstünlikli ornaşdy. Internet ulgamyny has janlandyrýan onlaýn söwda, onlaýn banking, onlaýn aragatnaşyk hyzmatlary, onlaýn kinoteatrlar, internet gözleg motory, wideo konferensiýa programmalary internet çeşmesiniň işjeň ulanylýan ugurlarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan daşary syýasaty netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk ulgamynyň gerimini giňeltmek we hyzmatlaryny artdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Ýakynda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda «Yandex gözleg» ulgamyna türkmen dilini girizmek, «Yandex karta» ulgamyna Türkmenistanyň işlenen kartasyny girizmek hem-de birnäçe berilýän hyzmatlara integrirlemek («Yandex taxi», Emeli aň, Emeli aňly taksi hyzmaty, Emeli aňly eltip bermek hyzmaty we ş.m.) we «Bulut tehnologiýalary» maglumat gorlary boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelmek we ösdürmek babatynda özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

«Yandex gözleg» ulgamyna türkmen diliniň girizilmegi Internet torunyň giň toplumynda baý türkmen dilini ýaýbaňlandyrar. Mekdep okuwçylary, talyplar we ylmy işgärler bu saýtyň düzümindäki beýan edilen maglumatlary we täzelikleri ene dilimizde web sahypalaryň, suratlaryň we ses faýllarynyň üsti bilen özleşdirip bilerler.

Türkmenistanyň işlenen kartasynyň türkmen dilinde «Yandex karta» ulgamyna girizilmegi bolsa, ýurdumyzyň täze binagärlik desgalaryny we  gözel ýerlerini ene dilimizde mahabatlandyrmak bilen, türkmen halky we daşary ýurtly işewürlerdir, myhmanlara ugrukdyryjy   ýol görkeziji kartasy bolup hyzmat eder.

Dünýäniň ägirt uly Internet torunyň gözleg ulgamyna türkmen diliniň girizilmegi sanly metbugat giňişliginiň gerimini has-da artdyrar.  

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.