Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy
25-12-25
Her ýyl Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem sport, bedenterbiýe çäreleriniň köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki biziň ýokary okuw mekdebimizde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga talyp ýaşlarymyz hem işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Biziň halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçilýär. Dünýä ýüzünde adamzadyň saglygyna bagyşlanyp geçirilýän bu baýram saglygyň ynsan üçin nähili möhümdigini açyp görkezýär.
Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bedenterbiýe sapaklary guralýar, sport çärelerine giň gerim berilýär. Oňa bagtyýar talyp ýaşlar bilen bir hatarda ähli halypa mugallymlar hem işjeň gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň sport meýdançasynda institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen yzygiderli sport çäreleri geçirilýär. Ýaşlaryň boş wagtyny netijeli geçirmekleri, ýaş nesliň aň-bilim terbiýesi we olaryň köpçülikleýin sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportuň birnäçe ugurlary boýunça ýaryşlar gurnalýar.
Sport çäreleri bilen hatarda dürli ýaryşlaryň geçirilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin, ýokary okuw mekdebimizde häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Talyplaryň sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplaryň sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyplaryň sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, bütin adamzat bähbitli işlerine mynasyp goşandyny goşýar, ýagny birnäçe ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleri ýetişdirýär. Ýokary okuw mekdebinde sporta hem uly üns berilýär. Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňdençekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary netijeli işleri alyp barýarlar. Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmeginde we ýaş türgenleriň kemala gelmeginde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de uniwersitetimiziň fakultetleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýar.
Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Türkmenistan döwletimizi sportuň, saglygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.