Berkarar döwletimiziň milli ýörelgeleri

21-10-21

Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar hakykatdan hem parahatçylygyň keşbidir. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly  başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.

Her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, parahatçylygyň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny bolelin ýazýar. Ýurt Baştutanymyzyň parahatçylygy berkarar etmek syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga itergi berýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa, halklary hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Türkmeniň parahatçylyk ýörelgesiniň taryhy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, ähli döwürlerde-de halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklapdyr. Taryhda gadymy Merw, Sarahs, Köneürgenç, Dehistan, Parfiýa we beýleki medeni merkezlerimiz hakynda ylmy-taryhy maglumatlarda hoşniýetli gatnaşyklar barada gymmatly maglumatlara duşmak bolýar.

Ähli eýýamlaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmeniň özbaşdak döwletini gurmak ugrundaky arzuwyny beýan edip, ýüreginden syzdyryp döreden şygyrlary parahatçylykly ýaşaýşy ündeýär. Akyldar şahyrymyz eserlerinde özara duşmançylygyň, uruşlaryň hiç kime gerek däldigini, parahatçylygyň, asudalygyň derwaýysdygyny düşündirip, ajap eýýamy arzuwlapdyr. Ol azatlygy, erkinligi, parahat durmuşda ýaşamagy arzuw edipdir.

Goý, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz öňküden hem gülläp össün! Ata-babalarymyzdan gaýdýan, illeri illere, köňülleri köňüllere duşurýan, dünýäni birleşdirýän parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýolumyz asyrlara uzap, rowaçlyklara beslensin!

Halmuhammet ATAMYRADOW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.