TÜRKMENISTAN — BAGY-BOSSAN

10-05-25

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde, aýratyn hem paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Alymlaryň bellemeklerine görä, bir agaç günüň dowamynda ortaça 2 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Munuň özi bir adamyň 3 günki dem alýan kislorodynyň mukdaryna barabardyr. Agaçlaryň bölüp çykarýan fitonsidleri bolsa howadaky kesel döredijileri ýok etmäge ukyplydyr. Bulardan başga-da, gür baglar howanyň derejesiniň amatly bolmagyna täsir edýär hem-de güýçli ýelleriň tizligini peseldýär.

Ilatly ýerleriň tokaýlaşdyrylmagy bolsa saglygy dikeldiş we syýahatçylyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini artdyrar, ýerleriň ekologik we biologik deňagramlylygyny kadalaşdyrar. Bu işde hususan-da, miweli baglaryň oturdylmagy azyk bolçulygyny döretmekde oňyn netije berer. Watanymyzyň daglyk sebitlerinde tokaýlaşdyrmak işleriniň geçirilmegi sil hadysasynyň, dag eňňitlerinde topragyň ýuwulmagynyň öňüni almaga, topragyň yzgarlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna, çeşme suw gorlarynyň artmagyna amatly şertleriň döremegine ýardam eder.

Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” möhüm ugry hökmünde  ekologiýa örän uly üns berilýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ýerden-suwdan, tebigy baýlyklardan rejeli hem netijeli peýdalanylmagyny döwrüň iňňän wajyp meseleleriniň hatarynda goýýar. 

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzda tokay zolaklaryny döredip, howanyň arassa bolmagy, ajaýyp tebigatymyzyň gözel görke gelmegi üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek babatda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.