SAGDYN NESIL— SAGDYN GELJEGIŇ ÖSÜŞIDIR

12-10-25

Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren Gahryman Arkadagymyzyň we bu asylly işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky saglygyň gadryny bilýän, sagdyn durmuşa hormat goýýan halkdyr. Saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek «Saglyk» döwlet maksatnamasynda, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarda öz beýanyny tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasy bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alsak, düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli dowam etdirmegiň halkymyz üçin iňňän wajyp wezipedigi barada aýratyn durup geçmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty has-da ösdürmäge ýardam bermegi ähli ýolbaşçylaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Milli Liderimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmekde görelde bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar we olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr». Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabat we sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça oňyn üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we köpugurly hassahana, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahana we onkologiýa hassahanasy hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralary ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. Gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuşyň tarapdary hem-de­ giňden wagyz edijisi bolmak bilen, hemişe özüniň beden taýdan sagdyndygyny görkezip, öz halkyna we ýaşlara nusga bolýar. Aýratynam, adamlaryň sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmaklary üçin alada edýär. Çünki sagdyn nesil sagdyn geljegiň, durnukly ösüşiň kepilidir. Ýaşlar üçin şeýle uly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Begli MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.