Dostluk ýollary dünýä uzaýar
23-10-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz öz ösüşiniň täze basgançagyna gadam basdy. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde ylymda, bilimde, sportda şonuň ýaly-da daşary syýasatda beýik işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň halklary bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda: “Biz Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin saýlap alan ýolumyzy “oňyn Bitaraplyk” diýip atlandyrdyk.
Şoňa görä, ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar” – diýip belleýär. Hut şu babatda hem eziz Diýarymyz bütin dünýäniň döwletlerine dostluk ýollaryny açyp, ynsanperwerlik syýasatyny amala aşyrýar. Munuň özi ykdysady we syýasy netijeleriň hem ýokary bolmagyna itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty bu gün diňe bir Türkmenistan döwletimizde ykrar edilmän dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edidi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny we alyp barýan işleri ilki bilen türkmen döwletiniň daşary syýasatyna esaslanýar. Mähriban Prezidentimiziň iňňän öňdengörüjilikli we pähim-parasatly syýasatynyň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň adyndan öňe sürýän başlangyçlarynyň we gymmatly teklipleriniň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan taryhy ähmiýetli möhüm Rezolýusiýalaryň kabul etmegi has hem buýsandyryjydyr. Türkmen döwletiniň daşary syýasaty milli bähbitlerden, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk statusyndan ugur alýar.
Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen gatnaşygy berkitmeklige gönükdirlendir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine girýän döwletleriň aglabasy bilen söwda ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň bähbitleri bolman, eýsem goňşy döwletleriň hem ykdysady ösüşine uly täsirini ýetirýär.
Türkmenistan örän gysga döwrüň içinde dünýäniň döwletleri, halkara guramalary bilen işewür hyzmatdaşlyga girdi. Biziň ýurdumyz Bitaraplyk döwrüniň dowamynda dünýäniň 140 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletlerinde ilçihanalary, konsullary bar. Türkmenistan halkara guramalarynyň 46-nyň agzasydyr. Türkmenistan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny özünde jemleýän resminamalaryň 131-ne goşuldy.
Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.