«San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» – tehnologik täzelikleriň okuw merkezi

23-10-21

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, IT ulgamynda taslamalary döretmek we tehnologiýa oý­lap tapmalary  durmuşa geçirmek babatynda degişli iş­ler amala aşyrylýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw merkezi bolup durýar.

Bu merkezde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegi boýunça döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzýän ýaşlara ýörite okuwlar geçirilýär. Degişli hünärmenler tarapyndan ýaşlara häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan okuw binasynda  IT pudagynyň ösüş depgini esasynda resminama dolanyşygynyň elektron ulgamyny kemala getirmek, maglumat binýadyny we  internet portalyny kämilleşdirmek, bulut serwerini ornaşdyrmak, olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek, howpsuzlyk çärelerine aýratyn üns bermek ýaly tehnologiýa döwrüniň talaplaryna kybap gelýän köpugurly bilim berilýär.

«San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tiniň baş maksady ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň täzeçe ösüşini kemala getirmek, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak, ilata edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, ýerli elektron söwdany artdyrmak ýaly wezipelerini özünde jemläp, ýaşlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jemgyýetinde bilim alýan zehinli ýaşlar tarapyndan yzygiderli programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär we ýurdumyzyň dürli pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylýar.

Ýakynda bu jemgyýetde bilim alýan ýaşlar tarapyndan «Hi­mi­ýa öwren» tas­la­ma­sy işlenip taýýarlandy. Onda ýaş höwesjeňler wirtual barlagha­nada himiýa elementleri bilen tej­ri­be­le­ri ge­çir­ip bilýärler. Şeýle-de, «Onlaýn mar­ket­» atly işlenip düzülen taslama boýunça elekt­ron söw­da­syny amala aşyryp bolýar. «So­rag-jo­gap­» atly täze programma bolsa mugallymlaryň talyplary we owuçylary bilen sanly arabaglanyşyk saklamaklaryny üpjün edýär.   

Mundan başga-da, «Me­niň Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan» at­ly ki­ta­byň elektron görnüşiniň işlenip düzülmegi ýaşlara ykjam telefon arkaly hem bilimler dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýär. «Android» ykjam telefonlar üçin niýetlenen­ «Ze­hin­li­je­» programma goşundysy arkaly kiçi ýaşly bilesigelijiler özleri üçin bilim dünýäsini açyp bilerler, çünki bu ýerde dürli ugurlardan sowallar ýerleşdirilip, çagalaryň gyzyklanýan soraglary sada sorag-jogap görnüşinden, barha çylşyrymlaşdyrylyp beýan edilýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk torlarynyň çäksiz mümkinçiliklerinden milli ýörelgelerimiz esasynda peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşýan täze pikirler esasynda programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlaýan, ylmy açyşlary, oýlap tapmalary işläp düzýän zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşigi geçirilýär.

Bu bäsleşigiň dowamynda hem sanly ulgamy özgertmek boýunça täze pikirleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da amatlaşdyrjak oýlap tapmalary işläp düzýän zehinli  IT hünärmenler ýüze çykýar. Ýaş zehinleriň işläp taýýarlaýan taslamalary ýurdumyzyň ähli dolandyryş edara-kärhanalaryna we jemgyýetçilik durmuş şertlerine giňden ornaşdyrylýar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.