SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
26-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň özenini döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň özleşdirilişi, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşy hem-de ulanyşy düzýär. Her bir döwlet ykdysadyýetiň sanly ulgamyna geçende, täze ýagdaýlara kybap kanunçylyk binýadynyň, önümçilik serişdelerini hasabatlarynyň ygtybarlylygynyň bolmagyny hem-de internet ornaşdyrýan senagat kärhanalarynyň hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegini ýola goýmalydyr.
Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň bu möhüm şertleri doly döredildi. Uly üstünliklere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Häzirli döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durmuşymyzyň aýratynlyklarynyň birine öwrülýär. Sanly ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi täze tehnologiýalaryň emele gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde önüm öndürmek üçin gerekli esasy şert ylym-bilim bolmak bilen birlikde, ony netijeli ulanmak hem zerurdyr. Şoňa görä-de, ýurduň syýasy hem ykdysady güýjüniň ylym-bilim ykdysadyýetinden emele gelýändigi hemmelere aýandyr. Häzirki zaman dünýäsiniň esasy alamatlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilip, olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolup, ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem-de giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, onuň dünýä derejesine çykarylmagy ugrundaky aladalaryndan nyşan bolup durýar.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýnabat ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.