ZE­HIN­LI­ ÝAŞ­LAR­ — ­ŞU­ GÜ­NÜ­MIZ ­HEM­ GEL­JE­GI­MIZ

15-05-25

Ýur­du­my­zyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp­dessurlaryna hormat goý­mak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr.

Hut şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda bu babatda yzygiderli wagyz­-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar. Mundan başga­da, häzir sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen baglylykda, hünärine, ugruna garamazdan, ähli ýaşlar üçin iň ösen tehnologiýalardan baş çykarmak zerur bolup durýar. Şo­ňa görä, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa okuw­ önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem­de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Mundan başga­da, talyp ýaş­larymyz internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmeleri bilen tanşyp bilýärler. «Türk­me­nis­tan­da­ ýaş­lar ba­ra­da ­döw­let ­sy­ýa­sa­ty­nyň ­2021­–­2025­-nji­ ýyl­lar ­üçin ­Döw­let ­ maksat­na­ma­sy­ny»­ dur­mu­şa ­ge­çir­mek bo­ýun­ça­ ama­la­ aşy­ryl­ýan  ­iş­ler hem­ bu ­aja­ýyp ­ha­ky­ka­tyň­ aý­dyň­ su­but­na­ma­sy­ bo­lup ­dur­ýar. Ýeri gelende bellesek, bu maksatnama ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz­ündew hem­de aň­bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň ruhy­ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän watan söýüji, zähmet sö­ýer, ylymly ­bilimli, ata Watanymyzyň ösüş­özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bolsa biziň öňümizde durýan belent wezipelerdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Görnüşi ýaly, döwrebap bilimiň milli terbiýeçilik ulgamy bilen utgaşdyrylmagy  ýaşlarymyzyň watansöýüji, hünärinden ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegini şertlendirýär. Sebäbi bu günki bilimli ýaşlar biziň ak ertirlerimizi gurujylardyr.

Ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny üstünlikli ösdürmek we ýaş nesiller babatdaky taý­syz tagallalary üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülzada ŞERIPBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.