SPORT — SAGLYGY WE RUHY BERKITMEGIŇ KEPILI

23-12-25

Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky saglygyň gadryny bilýän, sagdyn durmuşa hormat goýýan halkdyr. Saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarda öz beýanyny tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasy bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada taýsyz alada edilýär. Soňky ýyllaryň içinde edilen işleri, ildeşlerimiziň dünýä we sebit möçberindäki bäsleşiklere gatnaşyp, gazanan ýokary netijelerini bir makalanyň üsti bilen sanap çykmak mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli dowam etdirmegiň halkymyz üçin iňňän wajyp wezipedigi barada aýratyn durup geçmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty has-da ösdürmäge ýardam bermegi ähli ýolbaşçylaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmekde görelde bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar we olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Çünki sagdyn nesil sagdyn geljegiň, durnukly ösüşiň kepilidir.Milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen,sport ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylyşynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi, öňe sürýän «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesi türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi üçin şygara öwrüldi. Bedenterbiýe we sport ýaşlar üçin durmuş kadasyna öwrülip, olarda ruhubelentligi kemala getirmäge, islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge, okuwda, işde, hünär kämilliginde täze sepgitleri eýelemäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, bedenterbiýe —munuň özi herbir ynsanyň öz bedenini sagdyn hem çeýe aklamagyny aňlatsa, sport — eýýäm haýsydyr bir görnüşi boýunça öz başarjaňlygyny, erjelligini we ussatlygyny görkezmek üçin saýlanyp alnan bir ugurdyr. Sport parahatçylygyň ilçisidir. Sport sagdyn bäsleşikdir.

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bolup ýetişmegi üçin dünýäniň degişli guramalary bilen sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk açmagy,häzirki zaman ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän derejede ähli welaýatlarda stadionlaryň hem-de sport desgalarynyň, Aşgabatda Olimpiýa sport şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi we häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy türkmen türgenleriniň ruhuny has-da belende göterdi.

Mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.