BAGTYÝARLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY
15-05-25
Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere eýe bolýar. Ylym we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Innowasiýalar, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini barha öňe, ylym dünýäsiniň belentliklerine alyp barýar.
Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy hem barha kämilleşýär. Täze pudaklar, täze düşünjeler peýda bolýar. Döwrümiziň bu täzelikleri, öňe gidişlikleri biziň ýaşaýan jemgyýetimize giňden we çuňňur ornaýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara gatnaşyklarynda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz bäsleşige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylýandygyny belläýär. Şonuň üçin bu ugurdan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň durmuşymyzdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly nesil kemala gelýär.
Dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagy üçin taýsyz tagalla edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek wezipesi durýar.Şonuň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek, daşary ýurt dillerini öwretmek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň kämil bilim almagy,hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar.
Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýokary netijeleri görkezýär. Ýurdumyzdaky söwda merkezlerinde, dükanlarda plastik kart arkaly tölenýän tölegler ýa-da bilim almak üçin islendik ylma degişli edebiýatlary özünde jemleýän elektron kitaphanalar muňa mysal
bolup biler.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde oňyn öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatyň ösdürilýändigi hem guwandyryjy häsiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de ýaşlarymyzyň döwrebap bilim, ylym öwrenmeklerini üpjün etmek boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýsultan RUSLANBEKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.