“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysyna ýükleri daşamak hyzmaty girizildi

25-10-21

Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ykjam goşundysynda ýükleri we ýollamalary daşamak hyzmaty ýola goýuldy. “Ýükleri daşamak” düwmesi goşundynyň baş sahypasyndaky “Beýlekiler” bölümçesinde ýerleşdirilendir.

Ykjam goşundynyň täzelenmesi eýýäm “Google Play” we “AppStore” internet dükanlarynda goýuldy.

Goşundynyň üsti bilen ýük ugratmagy ýola goýmak üçin ýüküň iberiljek şäherini, şeýle hem eltmeli salgyny, alyjynyň telefon belgisini we maglumatlaryny girizmek ýeterlikdir.

Eltip bermek hyzmatynyň tölegini goşundy arkaly geçirmek üçin bolsa ýüküň agramyny we göwrümini görkezmeli. Ýüki ýollamak üçin howa menziline eltmek zerurdyr.

Bu hyzmat Türkmenistanyň 5 sany iri howa menzilinde amala aşyrylýar.

Mundan öň, 2021-nji ýylyň gyşynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ howa gatnawlary arkaly hatlary we ýollamalary eltip bermek hyzmatyny ýola goýupdy. Ýollamalar göwrümi boýunça biri-birinden tapawutly bolan ýörite gaplarda ugradylýar.

https://turkmenportal.com/tm/blog/40728/turkmenistan-awiakompaniyasynyn-ykjam-goshundysyna-yukleri-dashamak-hyzmaty-girizildi

16a3cc01ce112c.png
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.


16a3cbbf8cfc83.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.


16a3cba2d74906.jpeg
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler

24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.


16a3b65a2db209.jpeg
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.


16a3b5d24ac84d.jpeg
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.