Türkmen demir ýollarynda halkara ýük daşamalary 6 million tonnadan geçdi
25-10-21
Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabata görä, şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşalandygy bellenildi.
Baş direktor şu ýylyň dokuz aýynda 7 müň 485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirilendigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berýär.
Mundan başga-da degişli döwürde demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885 müň 600 tonna deň boldy. Şeýle hem serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2 müň 914 sany daşary ýurt ýük awtoulaglary üstaşyr geçirildi hem-de 2 müň 46 daşary ýurt ýük awtoulaglary Türkmenistana getirildi.
Mejlisiň dowamynda Çakyýew milli Liderimiziň garamagyna “Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň” türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky teklibini hödürledi. Ol bu toparyň import, eksport we üstaşyr ýükleriň mukdarynyň artdyrylmagyny, ýurtlaryň ulag-logistika mümkinçiliginiň doly ulanylmagyny we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmak üçin döredilendigi belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iki ýurduň bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, beýan edilen teklipleri makullady.
Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleriň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
https://business.com.tm/tm/post/7756/turkmen-demir-yollarynda-halkara-yuk-dashamalary-6-million-tonnadan-gechdi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.