KÄMILLIGE TARAP BATLY GADAMLAR BILEN

15-05-25

Berkarar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça taryhy özgerişliklere beslemäge,döwletli Diýarymyzyň ykdysady kuwwatny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bilim işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler  Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji milli Lider hökmündäki ýolbaşçylyk ukyp-zehininiň, syýasy pähim-paýhasynyň, eziz halkymyza, ata Watanymyza bolan çäksiz söýgi-sarpasynyň miwesidir. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn döredijilik zehinlerini we başarnyklaryny, sporta höwesini, ýokary hünär derejesini emele getirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Baky berkarar Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde hemmetaraplaýyn düýpli özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar. Şeýle asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljeginiň ýaş nesle baglydygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny çalt depginler bilen ösdürmek, ýokary bilimli, döredijilikli, häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyna täze tehnologiýalar, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Şäherdir obalarda häzirki  zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň gurulmagy, täze ýokary okuw mekdepleriniň, täze hünärleriň açylmagy, dünýäniň ösen ýurtlary, şeýle-de halkara guramalar bilen bilim, sport ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli Liderimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde bu ulgamyň işgärleriniň-de maddy taýdan üpjünçiliginiň gowulanmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaşlara ýokary derejede bilim-sowat bermekde, ylym-bilime höweslendirmekde, olary halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bilim ulgamyndaky bu binýatlyk özgertmeler biziň bagtyýar ertirlerimiziň badalgasydyr. Ýurdumyzda täzeçe pikirlenmegi başarýan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşmagyna we ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda yzygiderli aladalanýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nodira ÝOHŞIMURATOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.