Baglar – sagdynlygyň özeni

25-12-25

Ýaşaýyş üçin howa-da, suw-da gyradeň zerur. Suwuň yzgary bilen Günüň tyllaýy şuglasynyň düşüp duran ýerinde ýaşaýşyň ýaşyl ýakymyny görmek bolýar. Elbetde, «Ýer ala, ýurt ala» diýleni. Her ýurduň öz ýerleşiş geografýasynyň howa şertlerine laýyklykda önüp-ösýän ösümlikleridir agaçlary bolýar. Bu babatda tebigatyň gurluşy diýseň täsin hem-de göz öňüne getirip bolmajak derejede kämil.

Bag — tebigy derman. Türkmen topragynda biten agaçlaryň her biriniň köklerinden tä şahalaryna çenli dermanlyk häsiýetiniň bardygy dogrusynda artykmaç nygtamagyň geregi ýok. Alym Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyndan taparsyňyz. Baglar howanyň düzümindäki kömürturşy gazyny kisloroda öwrüp berýän tebigy zawod. Bar bolan maglumatlara görä, bir günüň dowamynda bir gektar tokaýlyk ýer howada bar bolan kömürturşy gazynyň 120-280 kilogramyny özüne siňdirip, 180-200 kilogram kislorody bolsa bölüp çykarýar. Üstesine-de, baglar howanyň tozanyny hem özüne siňdirýär. Ýagny bir gektar meýdany tutýan pürli agaçlar bir ýylyň dowamynda 40 tonna, ýaprakly agaçlar bolsa 100 tonna tozany özünde saklaýar. Şol tozanlar bolsa ýagyş suwuna ýuwulýan ýapraklardan syrygyp, ýene-de topraga garylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bagçylyk hakyndaky yzygiderli tagallalary, gör, nähili peşgeşleri eçilýän eken... Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, şu günki we geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny aýap saklamak     

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gadym döwürlerde-de türkmen topragynda ösýän agaçlaryň miwelerine dünýä hyrydar eken.

Öňdengörüji, parasatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we daşky gurşawy gorap saklamakdaky giň gerimli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna bahar hem güýz aýlary millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Bu babatda ak mermere bürenen paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde emeli tokaýlary döretmekde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bu, bir tarapdan, şäherimiziň howasynyň arassalygyny, çyglylygyny, owadanlygyny üpjün etse, beýleki tarapdan, çagalarda tebigata, janly-jandarlara bolan söýgini oýarmaga, olarda tebigy terbiýäni güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Agaçlaryň ýapraklary howadaky tozanlary özüne siňdirip, howanyň arassalygyny üpjün etse, onuň ýeriň jümmüşine aralaşýan kökleri ýerasty suwlaryň ýokarlanmagynyň, topragyň süýşmeginiň we ýuwulmagynyň öňüni alýar. Onuň goýysaýasy tomsuň jöwzaly, epgekli, gyzgyn howasyny peseldip, amatly howa gurşawyny döredýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak, başda belleýşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek boýunça umumy dünýä işine saldamly goşantdyr. Alymlaryň we hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýollaryň ugrunda, şäherleriň hem-de obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlar daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan 6-7 esse köp hem-de çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de boýy orta beýiklikde bolan bir agajyň üç adamyň dem almagyna ýeterlik kislorody öndürýändigi hem anyklanyldy. Miweli agaçlar barada aýdylanda bolsa, olar islendik künjegiň gözelligine gözellik goşýar. Şol baglar gülleýän döwründe aýratyn gözel keşbe eýe bolmak bilen, bu döwür tamamlanandan soň hem özüniň ajaýyp durkuny saklap galýar hem-de datly miwelerini eçilýär. Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bu çemeleşmä döwrüň derejesinde badalga berildi. Ata-babalarymyzyň milli häsiýetine aýratyn ähmiýet berýän, nesilleriň eşretli durmuşyny ählihalk bolup amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.