Sagdynlygyň gözbaşy

19-05-25

Ýaşaýyş üçin howa-da, suw-da gyradeň zerur. Suwuň yzgary bilen Günüň tyllaýy şuglasynyň düşüp duran ýerinde ýaşaýşyň ýaşyl ýakymyny görmek bolýar. Elbetde, «Ýer ala, ýurt ala» diýleni. Her ýurduň öz ýerleşiş geografýasynyň howa şertlerine laýyklykda önüp-ösýän ösümlikleridir agaçlary bolýar. Bu babatda tebigatyň gurluşy diýseň täsin hem-de göz öňüne getirip bolmajak derejede kämil.

Bag — tebigy derman.Türkmen topragynda biten agaçlaryň her biriniň köklerinden tä şahalaryna çenli dermanlyk häsiýetiniň bardygy dogrusynda artykmaç nygtamagyň geregi ýok. Alym Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyndan taparsyňyz. Baglar howanyň düzümindäki kömürturşy gazyny kisloroda öwrüp berýän tebigy zawod. Bar bolan maglumatlara görä, bir günüň dowamynda bir gektar tokaýlyk ýer howada bar bolan kömürturşy gazynyň 120-280 kilogramyny özüne siňdirip, 180-200 kilogram kislorody bolsa bölüp çykarýar. Üstesine-de, baglar howanyň tozanyny hem özüne siňdirýär. Ýagny bir gektar meýdany tutýan pürli agaçlar bir ýylyň dowamynda 40 tonna, ýaprakly agaçlar bolsa 100 tonna tozany özünde saklaýar. Şol tozanlar bolsa ýagyş suwuna ýuwulýan ýapraklardan syrygyp, ýene-de topraga garylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bagçylyk hakyndaky yzygiderli tagallalary, gör, nähili peşgeşleri eçilýän eken... Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, şu günki we geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny aýap saklamak     

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gadym döwürlerde-de türkmen topragynda ösýän agaçlaryň miwelerine dünýä hyrydar eken.

Öňdengörüji, parasatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we daşky gurşawy gorap saklamakdaky giň gerimli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna bahar hem güýz aýlary millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Bu babatda ak mermere bürenen paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde emeli tokaýlary döretmekde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bu, bir tarapdan, şäherimiziň howasynyň arassalygyny, çyglylygyny, owadanlygyny üpjün etse, beýleki tarapdan, çagalarda tebigata, janly-jandarlara bolan söýgini oýarmaga, olarda tebigy terbiýäni güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Agaçlaryň ýapraklary howadaky tozanlary özüne siňdirip, howanyň arassalygyny üpjün etse, onuň ýeriň jümmüşine aralaşýan kökleri ýerasty suwlaryň ýokarlanmagynyň, topragyň süýşmeginiň we ýuwulmagynyň öňüni alýar. Onuň goýysaýasy tomsuň jöwzaly, epgekli, gyzgyn howasyny peseldip, amatly howa gurşawyny döredýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak, başda belleýşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek boýunça umumy dünýä işine saldamly goşantdyr. Alymlaryň we hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýollaryň ugrunda, şäherleriň hem-de obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlar daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan 6-7 esse köp hem-de çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de boýy orta beýiklikde bolan bir agajyň üç adamyň dem almagyna ýeterlik kislorody öndürýändigi hem anyklanyldy. Miweli agaçlar barada aýdylanda bolsa, olar islendik künjegiň gözelligine gözellik goşýar. Şol baglar gülleýän döwründe aýratyn gözel keşbe eýe bolmak bilen, bu döwür tamamlanandan soň hem özüniň ajaýyp durkuny saklap galýar hem-de datly miwelerini eçilýär. Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bu çemeleşmä döwrüň derejesinde badalga berildi. Ata-babalarymyzyň milli häsiýetine aýratyn ähmiýet berýän, nesilleriň eşretli durmuşyny ählihalk bolup amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.