HEMIŞELIK BITARAPLYK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ
09-12-24
Berkarar döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanan bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlara üstünlikli hötde gelmek bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk işine, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşýar, sebit we sebitara guramalar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Garaşsyz döwletimiziň binýadynyň berkemeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň örän uly ähmiýeti boldy. Hemişelik Bitaraplyk, ilkinji nobatda, ýurdumyzda asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň höküm sürmegine şert döretdi. Bu bolsa beýleki döwletleriň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garamagyna, döwletara, halkara gatnaşyklaryň çalt depginde ösmegine, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýurdumyza gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň düýpli artmagyna ýardam etdi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam goýmak bilen, içeri syýasatda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyryp, daşary syýasatda bolsa hemişelik bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan ugry seçip aldy.
Häzir Türkmenistan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, öz milli ykdysadyýeti, medeniýeti, özbaşdak içeri we daşary syýasaty bolan, dünýäde giňden ykrar edilen, bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanalýar. Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, dünýäde döreýän kynçylykly meseleleri syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde aýratyn ähmiýetli bolup öňe çykýar. Abraýly halkara guramalary tarapyndan berlen bu belent dereje beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga niýetlenen berk syýasy we hukuk guralydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bitaraplyk içerki durnuklylyk, jemgyýetçilik ylalaşygy we ösüşi hökmünde halkymyzyň aňyna berk ornaşdy. Bu gün hemişelik Bitaraplyk aňyýeti türkmen aňynyň, türkmen durmuşynyň, milli ýörelgämiziň, döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Iýmiş BALADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.