ETREK STANSIÝASYNYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
27-10-21
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdegörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz Bitarap ýurdumyz günsaýyn ösýär we saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimiziň her bir güni görlüp-eşidilmedik derejede zähmet üstünliklerine beslenýär. Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary bilen, ähli ulgamlaryň arasynda demir ýol ulgamynyň hem örän wajyp pudaklaryň biri bolup durýandygy sebäpli, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pudakda düýpli ösüşler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Täze esasda gurnalan demir ýol ulgamy döwrebap ösüşleriň we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Häzirki wagtda bu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabynda jemi 9439 sany ýük wagonlary bolup, olar daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk ýüklerini daşamakda bökdençsiz işledilýär.
Bu ugurda ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň esasy nokatlarynyň biri bolan Etrek stansiýasynda alnyp barylýan işler has bellärliklidir. 2014-nji ýylda ulanylmaga berlen Etrek stansiýasynyň agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän gije-güdizki aladalaryny goldap tutanýerli zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Bu stansiýanyň demirýolçylary demir ýolda ýük gatnawlarynyň hereketine nobatçylyk etmek, üstaşyr demir ýol geçelgeleriniň hereketini sazlamak, ýükleri ýüklemek hem-de düşürmek, ýük wagonlaryny tehniki taýdan abatlamak, ammar hyzmaty ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Stansiýanyň teker jübütlerini çalyşýan nokadynda bir wagtyň özünde 48 wagon, şeýle hem 24 sagadyň dowamynda 400 wagonyň tigir jübütleri (PPW) çalyşmaga mümkinçilikler bardyr. Şeýle hem, stansiýanyň konteýner meýdançasynda 24 sagadyň dowamynda 200 sany konteýner düşürmäge we ýüklemäge (20 we 40 tonnalyk) şertler döredilen. Etrek stansiýasynyň ýük ammarlary bir wagtyň özünde 80-den 100-e çenli wagonlaryň ýüküni saklamak üçin niýetlenendir.
Dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde sebitleýin we halkara ähimýetli giň möçberli ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Stansiýanyň çäginde gurnalan ýük ammarynyň içinde inli we insiz koleýaly ýoldan girýän wagonlary kabul etmek we bir wagtyň özünde her bir ýola 16 wagony kabul etmäge mümkinçiligi bar. Şeýle hem, kabul ediş-tabşyryş nokadynda inli we insiz koleýadan 24 sagadyň dowamynda takmynan 200 wagon kabul etmäge hem-de tabşyrmaga ähli şertler döredilendir.
Milli Liderimiziň Demir ýol ulgamyny ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň demirýolçylary ýakyn ýyllaryň dowamynda has-da giň möçberli taslamalary durmuşa geçirerler. Munuň özi pudagyň zähmetkeş işgärleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmäge saldamly goşandy bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetirilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň mynasyp eşretli durmuşy üçin alyp barýan atalyk aladalary demir ýol işgärlerini guwandyrýar hem buýsandyrýar. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.