HALKARA BITARAPLYK GÜNI — PARAHATÇYLYGYŇ SENASY
27-10-21
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeketäk döwlet ata Watanymyz Türkmenistandyr.
Bu sene Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa göräde, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde, eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abaýyny hasda pugtalandyrýan we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk biziň döwletimiziň Merkezi Aziýanyň ýurtlary we halklary bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylygyny hasda pugtalandyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn goşant goşdy. Mundan başgada, hemişelik Bitaraplygyň sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşine saldamly goşandy uludyr. Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasyndaky taryhy çykyşlar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Bitaraplyk güni, hakykatdan hem, esasy milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. Bitaraplyk baýramymyzyň halkara derejesine eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek üçin ýola goýulýan möhüm ähmiýetli işler Bitarap Diýarymyzy Ýer ýüzünde tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde we halklaryň arasyndaky dostdoganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýärler.
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Ştab kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birekbirege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülruh MÄMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçilik fakultetiniñ Tikin onümçiligi kafedrasynyñ mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.