OKGUNLY ÖSÜŞI NAZARLAÝAN SANLY BILIM ULGAMY

18-04-25

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiň, saýlap alan hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.

Hut şeýle hünärmenleri taýýarlamaklykda, innowasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleri kemala getirmekde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ähmiýeti uludyr. Çünki ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda işjeňliginiň barha giňişleýin häsiýete eýe bolýan döwründe daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň zerurlygy barha artýar. Jemgyýetiň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy” Türkmenistanyň bilim özgertmeleriniň düýpli ugurlarynyň birine öwrüldi. Ylymda we tehnikada oňyn tejribeleriň öň hatarynda bolmak, täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hünärmenleri hem-de iň möhüm hünär maglumatlaryndan habarly bolmak üçin innowasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleri taýýarlamak Konsepsiýanyň esasy maksadydyr. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginini nazara almak bilen, ýaşlara innowasion tehnologiýalara erk etmegi öwretmek işi kämilleşdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny, şol sanda uzak aralykdan okatmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr” diýmek bilen, milli bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerden ugur alyp, berk binýatly bolmagyny sargyt edýär. Konsepsiýa ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek, halkara ülňülerine laýyk derejede bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, hilini ýokarlandyrmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Häzirki döwürde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar. Munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Halkymyzyň ýagty hem-de nurana geljege gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýazbibi BATYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.