YLYMLY DÖWLET OZAR
19-05-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda alyp barmaga uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Kararlara gol çekmegi hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy doly şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady-syýasy we medeni-ruhy taýdan has-da gülläp ösmegine ýardam etjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de olar okuw usullaryndan, serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarlar, ýaşlaryň akyl, beden we ruhy taýdan kämilligini ösdürmäge degişli işleri alyp barýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym-bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar.
Täze ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçilik zerurlygy onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirki zaman ylmyna daýanýan jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ýadawsyz aladalary edýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň gurulmagy, öňküleriň durkunyň düýpli abatlanmagy, okuw otaglarynyň ýokary derejede kompýuter we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şeýle aladalaryň netijesidir.
Bagtyýarlyk döwründe milli bilimi kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak jemgyýetiň ruhy, durmuş ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan bilim özgertmesinde wajyp ornuň innowasiýalara berilmegi bolsa, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmeklerini şertlendirýär. Ulanylmaga berilýän täze binalar toplumlaryndaky zamanabap ulgamlar, kompýuterleşdirilen okuw otaglary, dil öwrenmegi ýeňilleşdirýän ýörite otaglary, ýokary hilli sport-sagaldyş toplumlary nesilleriň halkara talaplaryna laýyk gelýän bilim almaklaryna itergi berýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň kuwwaty yzygiderli artdyrylýar, dünýä tejribesine laýyk gelýän innowasiýalar ornaşdyrylýar.
Biz bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýokary ynamyny ödäp, ondan ruhlanyp, Watanymyzyň mundan hem beýläk gülläp ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge giň ýol açyp beren, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.