ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLYNYŇ ÝOLÝAKA HYZMATLARYNYŇ TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI

08-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda yhlasly zähmeti, uly üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Gaýratly zähmetiň gaýnap joşýan ýerleriniň biri-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygydyr. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bagtyýar döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Işewürlerimiziň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen bagly taslamalara işjeň gatnaşmagy olara bildirilýän uly ynamyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan  bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklar üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belleýär. Diýarymyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Bu gurluşyk dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ähmiýet berýän, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň kepilnamasydyr.Diýarymyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrjak bu ýol uzak aralygy islendik awtoulagda ýokary tizlikde geçmäge mümkinçilik döreder. Netijede, ýolagçylaryň we ýükleriň öz wagtynda  barmagyny üpjün eder.

Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr çemesi bolup, 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr.Häzirki wagtda bu ýerde işler ýokary depginde dowam edýär. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, şeýle-de «Nusaý ýollary» hususy kärhanasydyr.

1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetrden, 3-nji hem-de 4-nji gatlara bolsa, degişlilikde 20 santimetrden çagyl düşelýär. Ýoluň aşaky gatlaryna geotekstil düşeginiň, geogözenegiň ýazylmagy, galyňlygy 1 metre ýetýän 3 gat asfalt düşelmegi onuň döwrebap inženerçilik talaplaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär.

Awtobanyň ugrunda awtomobil, demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 15-si, ýaplaryň, zeý akabalarynyň, silleriň suwlaryny sowýan geçitleriň üstündäki köprüleriň 25-si gurulmaly. Şeýle-de ýoluň aşagyndan geçýän emeli desgalar, demir-beton turbalar, mal geçiriji ötükler, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 237-si gurlar.

Awtobanyň ugrunda ýolýaka hyzmatlary göz öňünde tutulan. Onuň iki tarapynda-da gözenekli haýaty, bellenen ýerlerde hyzmat ediş, dynç alyş we beýleki infrastruktura desgalaryny gurmak, ýol ugrunda töleg, wideogözegçilik, aragatnaşyk, tizligi we howa maglumatyny kesgitleýji ulgamlary, awtoulaglaryň agramyny ölçeýji enjamlary gurnamak göz öňünde tutulan.

Ýeri gelende bellesem, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ylym-bilim babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ylmy barlag işleri ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmäge, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ylmy çemeleşmeleri we esaslandyrmalary öňe sürmäge gönükdirilendir. Institutyň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy barlag işleri hem geçirilýär. Şolaryň biri hem «Türkmenistanyň ýolýaka hyzmatlary toplumynyň tehniki taýdan ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak» atly ylmy barlag işi professor-mugallymlaryzyň we talyplaryň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilýär. Bu ylmy işde ýol ulaglarynyň iň möhüm meselelerine seredilýär: ýol ulgamynyň ýaramaz ýagdaýy, ýol howpsuzlygy, daşky gurşawa ýaramaz täsiri, ulaglaryň könelmegi we uzak ýerlerde ulag hyzmatlarynyň bolmazlygy we ş.m.  Ýolýaka hyzmat ediş desgalary ýolda ulanyjylara hyzmat etmek üçin niýetlenen binalar, desgalar, desgalar, beýleki desgalardyr (ýangyç guýulýan stansiýalar, awtobus duralgalary, awtobus duralgalary, myhmanhanalar, düşelgeler, naharhana nokatlary, hyzmat ediş nokatlary, şuňa meňzeş desgalary öz içine alýar. Ylmy iş bolsa ulag pudagynda depginli ösüşleri gazanmakda täzeçe ylmy çemeleşmeleri we çözgütleri hödürleýär.

Ýolýaka hyzmatlary, adamlaryň - ýol ulaglaryndan peýdalanýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady  bilen baglanyşykly ykdysady işiň bir görnüşidir. Umumy nukdaýnazardan seredilende, awtoulag pudagy aragatnaşyk serişdesidir. Aragatnaşyk serişdelerinde ýollar we ulag serişdeleri - awtoulaglar girýär. Bu nukdaýnazardan hyzmat düşünjesi iki uly topara bölünýär - ýol hyzmaty we awtoulag hyzmatydyr. Ýokary tizlikli awtobil  ýolunyň ugrunda awtoulag hyzmatyny ösdürmegiň häzirki esasy häsiýetli aýratynlyga eýedir. Şäher merkezlerinde we  üstaşyr geçelgeleriň üsti bilen geçýän we şäheriň içindäki ýolagçy gatnawy ösen jemgyýetçilik ulaglary bilen amala aşyrylýan şertleri döretmek zerurlygyndan ýüze çykýar.

Awtoulaglara göwnejaý ýolýaka hyzmatlaryny etmäge ýörite binalaryň bolmagy ilkinji nobatda tehnikanyň ýaglanmaly ýerleriniň wagtly-wagtynda ýaglanyp, gidrawliki, ýaglaýyş we sowadyş ulgamlaryna awtomobiliň ýan kitabynda görkezilen suwuklyklaryň guýulmagy hem-de olaryň ulanyş möhleti ýetende çalşylmagy degişlidir. Sürüjiler özlerine berkidilen awtomobilleri aýawly saklamak üçin olarda gündelik arassaçylyk işlerini geçirip, tehniki suwuklyklaryň kadasyny barlamaly. Şeýle hem awtoulagyň gerekli ulgamlaryny çalgy ýaglary bilen ýaglamaly.

Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli, tehnologiýanyň soňky gazananlaryna gabat gelýän awtoulaglary halkymyzyň we bu pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň has-da öndürijilikli işlemegine itergi berýär.

Hurma AŞYROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Hojageldi ATAMYRADOW,
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň uly mugallymy.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.