Täze şäherara we üstaşyr ýük gatnawlary ýola goýlar
29-10-21
Bu barada hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Hususan-da, hasabatda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi bilen bagly meýilleşdirilýän ulag gatnawlary barada giňişleýin durup geçildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrebap awtoulag ýollary gurulýar we işe girizilýär, halkara üstaşyr ulag geçelgeleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýolagçylara ýokary hilli hyzmat edilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň uly ähmiýeti bellenildi. Halkara guramalaryň, sebit ulag-logistika assosiasiýalarynyň wekilleriniň geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Täze ýokary tizlikli ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat — Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümi hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz ýokary tizlikli döwrebap ýoluň täze böleginiň tehniki derejesi babatda ýol gurluşygynyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli ýoluň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýoluň ulanylmaga berilmeginiň awtomobil ulaglary bilen Türkmenbaşydan ýük daşamagyň uly mümkinçiliklerini açýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.