HEMIŞELIK BITARAPLYK TAGLYMATY — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GIREWI

07-12-24

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli urp-adatlaryndan kemala getirilen aýdyň ýörelge bolmak bilen, gündelik durmuşymyza mäkäm ornaşan taglymatymyzdyr, türkmen halkynyň döwletara gatnaşyklarynda esasy ýörelgesidir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäniň iň abraýly halkara düzümleriniň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly, adalatly daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşmegi hem ýurdumyza sebit we halkara derejesinde bildirilen ýokary ynamdan nyşandyr.

2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «12-nji dekabry - Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky» Kararnamany kabul etmegi bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändiginiň, daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň iş ýüzündäki nobatdaky beýany boldy. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan syýasy üstünlikler, ykdysadyýetde ýetilen belent sepgitler, raýatlarymyzyň eşretli durmuşy hemişelik Bitaraplygyň halkymyza we döwletimize beren miwesidir diýip ynamly aýtmak bolar.

Hormatly Prezidentimiziň  başlangyjy esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi, sözüň doly manysynda, halkymyzyň buýsanjyny artdyran şanly wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda Bitaraplyk hukugyna ygrarly bolmak syýasaty gönüden-göni hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygyny mynasyp şöhratlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem munuň özi raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurduna — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek işinde bahasyna ýetip bolmajak ýol görkezijidir.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde  Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.

Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.

Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatymyzyň halkara ähmiýetini we onuň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryndaky derwaýyslygyny açyp görkezmekde has-da uly orna eýedir. Şoňa görä-de, bu şygar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda öňe sürülýän beýik başlangyçlary, “Açyk gapylar” syýasatyny mundan beýläk-de giňden dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyrmakda biziň her birimizden aýratyn işjeňligi talap edýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýlar BEGJIKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.