INNOWASION ULGAMYŇ BATLY GADAMLARY

19-05-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň we sanly bilimiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikli şertleri döreder.

Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» gol çeken Karary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de pudagara toparyň düzgünnamasy hem işlenip taýýarlanylmagydyr. Bu toparyň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalary hem-de hususy telekeçileri girizmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtamak bilen intellektual ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlary ulgamyny kadalaşdyrmagyň we giňeltmegiň kanunçylyk taýdan goldanylmagyny üpjün edýändigini belledi

Bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” esasynda durmuşa ornaşdyrylyp, toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýeligi bilen aýratyn tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar. Oňa laýyklykda, halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak ýurdumyzyň içerki bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümçiligi döwrebap ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny deňeçer ösdürmek, olary çig mallyk maksatlardan taýýar önüm öndürmäge ugrukdyrmak, senagatda we oba hojalygynda gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek, transmilli ulag aragatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň erkin telekeçilik zolaklaryny, halkara syýahatçylyk zolaklaryny döretmek arkaly ýurduň amatly geosyýasy ýagdaýyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşmak maksat edinilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyna hem taýsyz özgertmeler girizdi. Maksada okgunly ýaşlara geljegi aýdyň ýollar açyldy. Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň ösüşinde dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň,dünýäniň bilim ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biride olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär Watanymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösdürilmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de şolara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Sanly bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hil we mazmun taýdan täze basgançaklara götermäge gönükdirilendir.

Sanly bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny maglumatlar torunyň üsti bilen baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Konsepsiýa laýyklykda, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo audio, multimedia programmalary, täze-täze okuw esbaplary, maglumat kitapçalary, adal galaryň sözlükleri, aýry-aýry sapaklaryň nusgawy berlişini beýan edýän wideomateriallar döredilýär we kitaphana portalynda ýerleşdirilýär. Elektron okuwlaryň, uzak aralykdan okatmagyň täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen,bilimiň dolandyrylyşy kämilleşdirilýär.

Belent arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, rowaçlyklaryň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň mizemez binýatlaryny döretmekde gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.