ÝOLUŇYZ AK BOLSUN!
01-11-21
- diýip, ýagşy dilegler bilen Arkadag Prezidentimiz Gadymy ýüpek ýolunyň täze şahasy bolan Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat - Tejen böleginiň açylmagyna ak pata berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Türkmenistan döwletimiziň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan döwri boldy. Bu işde amala aşyrylýan il-halkymyz, galyberse-de umumy adamzat bähbitli işleriň aňrysynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň bereket tapyp ,,Bereket ýoly'' diýip atlandyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, oňa ikinji ömür bermek ýaly asylly we döwletli işleri ýatandyr. Şonuň netijesinde bolsa, ýurdumyzda goňşa, dost-dogana, dünýä sary uzaýan ak, ajap ýollaryň täze şahalary, ugurlary gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmenistanyň iň döwrebap, ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatynda, şeýle-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallallary bilen soňky bu ugurda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem sebit, galyberse-de bütindünýä ösüşine-de kuwwatly itergi berýär. Altyn güýziň berekete beslenýän günleriniň birinde Beýik Ýüpek ýolunyň täze bir şahasynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny ýene bir ýola Äleme äşgär etdi. 29-njy oktýabrda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ,,Aşgabat-Tejen''- böleginiň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp ak pata bermegi uly ösüşlere beslenýän şu "Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň" möhüm taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.
"Ýoluňyz ak bolsun!" diýip, ýagşy dileg edip, hormatly Prezidentimiziň il-halkymyzy gutlamagy dabara gatnaşyjylaryň kalbyna ýagşylyk nuruny çaýyp göwün guşuny ganatlandyrdy. Şol, şatlykly pursatlarda alyslara uzaýan bu ak, ajap ýollary gurmaga gatnaşmak bagty miýesser eden işçi-hünärmenleriň, şeýle-de uly şatlyk şowhuna beslelenen dabarada çykyş etmek bagty, oňa gatnaşmak bagty miýesser eden medeniýet işgärleriniň, bagtyýar raýatlarymyzyň ýüzlerindäki şatlyk alamatlaryny göreniňde bolsa guwanjyň goşalanýardy. Hakykatdanam hem dünýä ýaň salan şeýle dabaraly wakanyň, pursadyň şaýady bolmak her bir ynsan üçin bagtyň ulusy bolsa gerek.
Hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda: "Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň çekilmegi logistiki hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini giňeltmäge, goňşy ýurtlaryň arasynda söwda dolanşygyny, eksport we üstaşyr harytlaryň mukdaryny şeýle-de ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer!'' - diýip buýsanç bilen belledi. Alyslara uzajak ak ýoluň ugrunda döwrebap köprüleriň, awtobus duralgalarynyň, myhmanhanalaryň, söwda nokatlarynyň, dynç alyş merkezleriniň bolmagy ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri üpjin eder. Onuň ugrunda gurulan ýerüsti we ýerasty geçelgeler, sil sowgutlary, mallar üçin niýetlenen geçelgeleriň, yşyklandyryjy sütünleriň bolmagy, döwrebap wideogözegçilik enjamlaryň, ýol-hereketiniň howpsuzlyk kadalaryna degişli ýazgylaryň görnükli ýerlerde oturdylmagy bolsa ýolda hereketiň howpsuz bolmaklygyny üpjün etmeklige gönükdirlendir.
Ýoluň 203 kilometre uzaýan böleginde sürüjilere uly töleg terminalynyň 1-i, kiçi terminallaryň bolsa 5-si hyzmat eder. Ýoluň Garagum sährasynyň içinden geçýän ýerleri, gözüňe has-da gözel görünýär. Ýeri gelende Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" mynasyp ornuny tapandygyny hem belläp geçmek gerek. Ýoluň gurluşyk işleriniň "Türkmen Awtoban" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary bolan hojalyk jemgyýetleriniň telekeçilerine ynanylmagy olaryň başyny göge ýetirdi. Özlerine ynanylan bu işi, Prezidentiň ynamy - halkyň ynamy diýip, kabul eden türkmen telekeçileri uly ynam üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, geljekde uly ynamy ödemek üçin il-halkymyza hyzmat edip başlan, ýokary tizlikli, ak, ajap, nurana ýoluň galan böleklerini gurmakda hem yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini guwanç bilen aýdýarlar.
Hawa, bu günki gün, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip "Altyn halka" öwrülýär. Beýik Ýüpek ýoly türkmen halkymyzyň taryhy medeni mirasy bolsa, Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan "Aşgabat-Türkmenabat" - ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat - Tejen bölegi bolsa, onuň täze şahasydyr. Türkmenistan döwletimiziň döwrebap ulag düzümini döredýän döwründe bu gadymy ýoluň täzeden dikeldilmeginiň berkarar döwletimiziň söwda aragatnaşygyny ösdürmek-de, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, galyberse-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ähmiýeti diýseň uly bolar. Şonuň üçin-de biziň ajaýyp zamanamyzda bu gadymy ýoly täzeden dikeldip, umumyadamzat bähbitli asylly we döwletli işleri durmuşa geçirýän
Hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsaňda bärde gaýdýar. Il-halk bähbitli amala aşyrylýan beýik, ajap işlere bolsa hemişe alkyş ýaran. Altyna deňelýän il alkyşy bolsa ynsanyň ömür salyny uzaldýar. Bu barada Magtymguly atamyz hem: "Ömür saly artar,alkyş alanyň!" - diýen ajaýyp setirleri nesillerimize miras galdyrypdyr. Alkyş, rowaçlyklar hemişe hemraňyz bolsun, hormatly Prezidentimiz! Biz hem Arkadag Prezidentimiziň täze ýoluň açylyş dabarasynda halkymyza ýüzlenip: ,, Ýoluňyz ak bolsun! '' diýen ýagşy dileglerine goşulýarys.
Annamyrat BERDIMYRADOW,
žurnalist.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.