GADYMY ZAWODYŇ WASPY
01-11-21
Häzirki Serdar şäheriniň Wagon abatlaýyş zawodynyň çuň taryhy bar. Wagonlary, sisternalary bejerýän we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary ýasaýan kärhana 1886-njyýylda Gyzylarbat Baş ussahanasy diýen at bilen ulanmaga berilýär. Wagtyň geçmegi bilen ol Gyzylarbat wagon abatlaýyş zawody adyna eýe bolýar.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dikelmegi, ykdysadyýetiň ösmegi üçin zawodda uly işleri alnyp barylýar. Bu ösüşler döredijilik adamlarynyň kalbyny ganatlandyryp, zawod hakda dürli eserleriň döremegine sebäp bolýar.
Wagon abatlaýyş zawody hakynda ýazylan uly gşwrümli eserleriň biri şahyr Şaly Kekilowyň 1932 nji ýylda döreden «Gyzylarbat remont zawodynda» atly poýemasydyr.
Her bir eser beýan edilýän wakanyň jümmüşine aralaşyp döredilende, onuň täsiri güýçli bolup, okyjylaryň ýadynda hemişelik galýar. Şaly Kekilow bu poýemasyny döredende, birnäçe gün ol ýerde bolupdyr. Munuň özi şahyryň beýan edýän wakalaryny janly häsiýete eýe edýär.
Aýlanyp bir görseň zawodyň için,
Ýene bir aýlanyp göresiň gelýär.
Bu mertler ýurdunyň batyr işinden,
Halkyňa şat habar beresiň gelýär.
Şeýle buýsançly sözlerden soň şahyr beýan edýän wakalaryny suratkeşlik galybyna salýar. Şygryýetde bolsa suratkeşlik eseriň agramyny artdyryp, okyjyny beýan edýän wakalaryň jümmüşine eltýär.
Ynha liteýniý seh, her ýeri ýagty,
Körükde towlanyp otlar oýnaýar.
Körügiň üstünde uly gazanda,
Polat, çoýun eräp, suw dek gaýnaýar.
Serdar Wagon abatlaýyş zawody hakynda döredilen iň gowy sungat eserleriniň hatarynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Kulyýewiň «Wagon remont zawody» kartinasyny hem görkezmek bolar.
Tanymal suratkeş öz eserinde zawodyň gyzgyn sehinde maňlaý derini saçyp işleýän işçileriň yhlasly zähmetini, kuwwatly stanoklar, dizeler we beýleki gurallar oturdylyp, tehniki taýdan kämil zawodyň keşbini ussatlarça açyp görkezýär. Eserdebeýan edilýän şekiller täsirliligi bilen ünsüňi özüne çekýär.
Ýurdumyzda gurlan her bir edara-kärhananyň üstnlikli ýollary dokumental hem-de çeper eserlerde taryp edilipdir. Munuň özi zähmet üstünlikleriniň döredijilige ylham bolup durýandygynyň beýanydyr.
Rahmanberdi ABDYRAZAKOW,
Akdepe etrapyndaky 33-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.