Türkmenistanda geljek ýylda ilat ýazuwy geçiriler
03-11-21
Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň oktýabrynda «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy we oňa ýokary derejede taýýarlyk görmek işlerini geçirmek degişli ministrliklere we pudak edaralaryna tabşyryldy.
2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzda raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny bellemek bolar. Şu maksatlardan ugur alnyp, «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin maksatnama» kabul edildi.
Döwletleriň dünýäde eýeleýän orny onuň ilatynyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-dur muş şertleri bilen şertlenýär. Ilatyň demografik düzümi, sany hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almak munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Bu çäre Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, geljekki uzak möhletleýin taslamalary işläp düzmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Şonuň bilen bir wagtda ilat ýazuwy gazanylan üstünlikleriň jemlemesi hökmünde orta çykar.
Häzirki wagtda bu çäräni halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek üçin oňa taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Daşary döwletleriň tejribesine eýerip, geljek ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda hem, sanly tehnologiýalary, ýagny elektron planşetleri ulanmak göz öňünde tutulýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk çäreleriniň we ýazuwyň netijeleriniň işlenilýän wagtyny, ýazuw anketalary doldurylanda goýberilýän ýalňyşlyklary, şeýle hem çykdajylary azaltmak ýaly birnäçe ýeňillikleri döredýär.
Ilat ýazuwynyň barşynda alnan maglumatlary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öwrener we seljerme geçirer. Bu maglumatlar ýurduň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda döwletiň pudak edaralarynyň işini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.Ilat ýazuwyna taýýarlyk görülýän döwür birnäçe wezipeleri özünde jemleýär. Olar salgylar binýadyny emele getirmekden, salgylar hojalygyny laýyk getirmekden, ýazuwy etraplaşdyrmakdan, ilatly ýerleri sanaw we ýazuw uçastoklaryna bölmekden, ýazuw geçirmeli işgärleri seçip almakdan ybaratdyr. Ilat ýazuwynyň guramaçylykly geçirilmegi ilatyň sany, raýatlaryň ýaşaýyş jaý şertleri, maşgala ýagdaýy, girdeji çeşmeleri, hususy emläkleri, raýatlaryň dil başarnyklary bilen bagly maglumatlary toplamaga ýardam berer. Bu maglumatlar ýörite taýýarlanan meýletinçiler tarapyndan toplanar.
Ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmekde jemagat hojalygy edaralarynyň we ýerli häkimiýet edaralarynyň orny uludyr. Bu edaralar her bir ilatlyýerde öýleriň takyk sanyny we salgylar hojalygynyň ýagdaýyny kesgitlemekde ýardam berer.
«Ilat ýazuwy-2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» diýen şygaryň hem-de nyşanyň taslamalary tassyklandy. Nyşanda halkymyzyň milliligini dünýä ýaýýan Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan «2022» san belgisi özüniň mynasyp beýanyny tapýar.
Ýagşygül SARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.