Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi

08-11-21

Bu barada ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ýubileý ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 107 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ösüş depgini 137,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 139,8 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 111,1 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň çäklerinde, girizilýän çäklendirmeler sebäpli, ozalkysy ýaly, agentlikleriň maliýe üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna geljek ýylyň maksatnamasynyň üstünde jikme-jik işlemegi we teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl biziň öňümizde durýan wezipeler Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlendi diýip belledi we etmeli işleriň örän köpdügini, bu işleri amala aşyrmak üçin köp we tutanýerli zähmet çekilmelidigini nygtady.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.