HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI

12-12-24

Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hususan-da, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifkasiýalaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha dabaralanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň, halkara jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerini araýandygyny bolsa durmuş her pursat subut edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde barha dabaralanýandygynyň esasy sebäpleriniň biride, bu syýasy taglymatyň atababalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan gadymy milli däpdessurlarymyza, ýörelgelerimize esaslanýanlygydyr. Çünki halkymyz taryhyň dürli döwürlerindede asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary, goňşuçylyk däplerini alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bu babatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň özboluşly milli häsiýetlerine, dünýägaraýşyna kybapdaş gelýändigi bellemeli ýagdaýdyr.

Parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki ýurtlaryň halklaryna, olaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, kesekiniň içeri işine goşulyşmazlyk, ejize ganymlyk etmezlik, durmuş meseleleri çözülende sabyrly bolmak — «ýedi ölçäp, bir kesmek» ýaly häsiýetler türkmene gadymdan bäri mahsusdyr. Halkymyzda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bu ahlak sypatlary häzirki döwürde milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen hasda ösdürilýär, kämilleşdirilýär, baýlaşdyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda pederlerimiziň şular ýaly kämil ahlak sypatlarynyň, ýörelgeleriniň ýaş nesillerimiziň durmuş ýörelgelerine öwrülmegi ugrunda uly aladalar edilýär.

Türkmenistan Watanymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ― geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşmegi hem döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Hawa, Türkmenistan dürli milletleriň, medeniýetleriň galtaşýan, baglanyşýan we özara täsirleşýän çatrygynda özboluşly ruh, güýç hemde merkez hökmünde ýaşamagyny, gülläp ösmegini dowam edýän geljegi ýagtydan ýagty bagtyýar, berkarar döwletdir. Munuň özi türkmende ähli milletleriň wekillerine deň göz bilen adalatly garaýan özboluşly milli häsiýetiň we milli ahlagyň kemal tapanlygyny görkezýär.

Dünýäde hemişelik Bitarap döwlet, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistan diňe bir parahatçylyk söýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, berkidiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygyň bähbitlerine gönükdirilen hoşniýetli syýasatdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ― bu döredijilikli, irginsiz zähmeti talap edýän işdir, has dogrusy, syýasydiplomatik sungatdyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň beýik münberinden täzeçil, konstruktiw häsiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bütin adamzadyň bähbitlerini araýan meseleleri orta atýandygynyň we olaryň oňyn çözgütlerini tapmagy iş ýüzünde nusga alarlyk derejede amala aşyrýandygynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzda asudalyk, abadançylyk, agzybirlik, rysgalbereketlilik höküm sürsün! Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber işleri amala aşyrýantürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýlar ŞUKUROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.