Parahatçylygyň we ösüşiň özeni

10-11-21

Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen bitaraplygy döwletleri we halklary doganlaşdyrýan gudratdyr!» diýip belleýär.

Berkarar döwletimiz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhuhuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanan bitaraplyk syýasatyny alyp barýar.

Berkarar döwletimiziň dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen aradan aýyrmak ýaly jogapkärli wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek esasynda, bitaraplyk düşünjesiniň täze mazmunyny ýüze çykardy. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşma hem hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, ýaragsyzlanma boýunça işleri alyp barmak, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň öz ösüş ýolunda hemişelik Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagy, ilki bilen, dünýä döwletleriniň bähbidine laýyk gelýän teklipleri we başlangyçlary öňe sürmeginde şöhlelenýär. Çünki türkmen döwleti we halky goňşy döwletler bilen ylalaşykda ýaşamaga, dost-doganlyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, BMG hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz ynsanperwer syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary üstüne aldy we ony üstünlikli berjaý edýär. Şeýle hem beýleki döwletler bilen dostluga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistan bütin dünýäde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly, beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Goý, toý-baýramlara beslenýän Diýarymyz güllesin, össün! Watanymyz, halkymyz üçin gijesini gündiz edip işleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Jennet AKYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.