Olary her gün içýärsiňiz: bu içgiler gazlandyrylan içgilerden hem has howply
17-04-23
Her gün içýän içgilerimiziň arasynda gazlandyrylan we alkogolly içgilerden has howply içgiler bar.
Gyzgyn çaý
Çaý içmegiň zyýanly däldigi hakda hemmämiz bilýäris. Mysal üçin, hytaýlylar çaý içmän gezen güni ýok diýen ýaly olar günde her sagtatda diýen ýaly çaý içýärler, ýöne bu ýerde mesele çaýyň temperaturasy. Biz gyzgyn bir zady gowy görýäris. Has-da gyzgyn içgiler (diňe bir çaý däl, eýsem gyzgyn kofe, gyzgyn çorba hem içmegi halaýarys) mikrotrauma we mikroinflamasiýa sebäp bolýan gyzyl içege ýaramaz täsir edýär.
Wagtyň geçmegi bilen bu göze görünmeýän meselelere onkologiki kesellere sebäp bolup biler. Şonuň üçin sowadylan çaýy içmäge synanyşyň.
Süýt
Sowuk içgileriň bu görnüşleri gyzgyn içgiler ýaly problemalara sebäp bolup biler.Bulardan biri-de , süýt kokteýlleri olar , beýnimize ýakymsyz täsir edýär.Fitnes tälimçileri süýt kokteýlleriniň oňat peýdasynyň bardygyna ynanýarlar, bu içgi semremäge kömek edýär. Hakykatdanam agram almak isleýän bolsaňyz, saglygyňyz üçin azajyk ýyly süýt içiň.
Ajy kofe
Kofeni ortaça içmek peýdalydyr: oýanmaga, täzelenmäge we metabolizmi çaltlaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle-de bolsa, kofe gaty ajy bolsa, dürli gan basyşyň sebäpkäri bolup biler - gan basyşy ýokarlanýar we peselýär. Netijede adam özüni erbet duýýar.
Energetiki içgileri
Ortaça mukdarda energetiki içgileri içýärsiňiz diýip özüňizi aldamaň. Energetiki içgiler peýdaly däl, ýagny howp derejesi ýokary. Şol bir wagtyň özünde, bu içgileriň adamy endik edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.
Taýýarlan Deňiz DÄDEKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.